Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
TUGTEGIN BILEN BILELEŞIK 


165 
Ýokardaky 
bölümlerde 
belleýşimiz 
ýaly, 
haçparaz hüjümleri sebäpli kyn ýagdaýlara düşen 
Ryzwan puluna satyn almaly hem bolsa, her dürli 
ýollara baş goşmaly hem bolsa, Halap Seljukly 
döwletini goldan bermek islänokdy. Ol güýçleriniň 
azlygy sebäpli, gitdigiçe güýçlenen haçparazlar bilen 
göreşip bilmeýşi ýaly, Halaba degişli möhüm galalaryň 
synmagynyň-da öňüni alyp bilmedi, hatda döwletini 
çöküşden halas etmek üçin haçparazlara wagtal-wagtal 
paç tölemäge mejbur bolýardy. Döwletine degişli 
galalardaky ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi we 
şertleriň agyrlaşmagy bilen özüne garşy topalaňlar 
başlanypdy. Şol wagtlar Antakyýa şazadasy Tankred 
Halabyň möhüm galalaryndan biri Azaza hüjüme 
geçmäge taýýarlyk görýärdi. Onuň öňüni almak 
maksady bilen Ryzwan, ýigrimi müň altyn, at we 
başga-da birnäçe gymmatbahaly sowgatlar teklip etse-
de, kabul edilmedi. Ryzwan jetligine garamazdan, 
Damask seljukly emiri Tugtegini Halaba çagyrdy. Bu 
çakylygy kabul edip, Halaba gelen Tugtegin bilen gol 
çeken şertnamasyna görä «Ikisi-de gerek bolanda 
maddy we harby taýdan biri-birine kömek etmeli. 
Tugtegin Ryzwana boýun bolup, Damaskda adyna 
hutba okadyp, pul basdyrmaly (1112-nji ýylyň 
başlary)» eken. Soňra Damaska dolanan Tugtegin 
Ryzwanyň adyna hutba okadyp, pul basdyrdy, ýöne 
ylalaşyk uzaga çekmedi. Tugtegin Iýerusalim koroly 
Baudouin II Damask sebitlerine gelmegi bilen, köne 


166 
dosty Mosul seljukly häkimi Möwdutdan we 
Ryzwandan kömek sorady. Emir Möwdut ýene birnäçe 
emirleri bilen Siriýa gelip, Tugteginiň güýçlerine 
birikdiler. Ryzwan Tugtegin bilen Möwdut birleşip, 
haçparazlaryň Tabaryýanyň ýakynlarynda ýeňeninden 
(1113-nji ýylyň Oguz aýy) soňra, bary-ýogy ýüz 
atlydan ybarat goşuny ugratdy. Ryzwanyň bu 
hereketlerine gahary gelen Tugtegin onuň adyna hutba 
okatmagy we pul çykarmagy bes etdi (1113-nji ýylyň 
Alp Arslan aýy). Şeýlelikde, bu bileleşik hem hiç hili 
şowly netije bermedi. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling