Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


HAÇPARAZ HÜJÜMLERI DOWAM EDÝÄR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

HAÇPARAZ HÜJÜMLERI DOWAM EDÝÄR 
Seljukly goşuny bilen Urfa hereketlerine 
gatnaşmadyk Ryzwan Antakyýa haçparaz güýçleriniň 
Urfa graflygyna kömege gitmeginden peýdalanyp, 
haçparazlaryň eýelän Halaba tabyn käbir ýerlerini 
yzyna aldy, aýratyn-da Antakyýa sebitlerine çozup, 
köp mukdarada ýesir aldy. Antakyýa haçparazlarynyň 
―Özüniň bu harby hereketleri bilen aralaryndaky 
ylalaşygy bozandygyny‖ bildirmekleri we ―Tankrediň 
Urfadan Antakyýa dolanýandygy baradaky habary‖ 
alan Ryzwan derrew hereketlerini togtadyp, Halaba 
dolandy. Beýleki tarapdan Ryzwanyň hüjümleri 
baradaky habary alan Tankred Antakyýa gitmän, Halap 
Seljukly topraklaryna hüjüm etdi. Birnäçe ýerleri harap 
edip, köp mukdarda dowardyr sygyrlary olja aldy. 
Hereketlerine dowam eden Tankred Halaba degişli 
möhüm galalardan Esaribi gabamaga başlady we 
sebitdäki daýhanlaryň hasylyny öz haýryna geçirdi. 
Galadaky 
seljukly 
esgerleri 
batyrgaýlyk bilen 
goranýardylar, hatda çadyrynda ýatan Tankredi 
öldürmek meýlini hem düzdüler, ýöne bir ermeni 
içalasy sebäpli bu meýilleri başa barmady. Beýleki 
tarapdan Esaribi elden bermek islemeýän Ryzwan 
Tankrede ýigrimi müň altyna ýaraşyk teklip etse-de 
kabul edilmedi. Esarip galasynyň ýagdaýy barha 
erbetleşýärdi. Gala hazynadary altynlar bilen birlikde 
haçparazlara sygyndy. Galada kyn şertlerde goranýan 


160 
esgerler kepderiler bilen Ryzwana hat ugradyp
ýagdaýy 
habar 
bermek 
isleseler-de, 
hatyň 
haçparazlaryň eline düşmegi bilen netije bermedi. 
Ryzwan Tankrede ikinji gezek «Otuz müň altyna 
ýaraşyk teklip etdi», ýöne bu hem kabul edilmedi. 
Beýleki tarapdan gala goşunbaşysy Ryzwandan hiç hili 
kömek gelmejekdigine düşünip, galany haçparazlara 
bermäge mejbur boldy (1110-1111-nji ýyllar). Galany 
eýeländigine garamazdan Tankred, harby hereketlerini 
togtatmady, bu gezek Halabyň günbatar sebitindäki 
möhüm galalardan Zerdanany we Bikisraýyly basyp 
aldy. Bu sebitdäki musulmanlar başga ýerlere göçmäge 
mejbur boldular. Beýleki tarapdan Ryzwan üçünji 
gezek Tankred bilen «ýigrimi müň altyn, on baş at, bir 
ýylky hasylyň haçparazlara berilmegi we haçparaz 
tussaglarynyň boşadylmagy» şerti bilen ýaraşyk 
baglaşdy. Gol çekilen ylalaşygyň netijesinde Halap 
Seljukly döwleti ykdysady çöküşe sezewar boldy. 
Azyk ätiýaçlyklarynyň haçparazlara berilmegi, halky 
açlyk howpy bilen başa-baş goýdy. Bu sebäpli köp 
adam göçmäge taýýarlyk gördüler. Ryzwan uly göçhä-
göçlügiň öňüni almak üçin döwlet gaznasyna 
(beýtilmala) degişli meýdanlary örän arzan bahadan 
halka satdy. Hatda ýer eýeleriniň serhet hem baha 
şertnamalaryna özi gözegçilik etdi. Şeýlelikde, Ryzwan 
mülk satmak syýasaty bilen halkyň göçhä-göçlügiň 
öňüni aldy we boş meýdanlaryň açylmagyna sebäpkär 
boldy.


161 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling