Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
SIRIŸÝaLY ILÇILER BAGDATDA
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- 1111-NJI ÝYLDAKY ÝÖRIŞ
SIRIŸÝaLY ILÇILER BAGDATDA Antakyýa haçparaz şazadasy Tankrediň harby hereketleriniň netijesinde haçparazlar Halap Seljukly topraklaryny gabadylar. Şeýlelikde, Halap Seljukly döwleti örän uly howpuň astyna düşüpdi. Bu sebäpli Ryzwan, döwlet ýolbaşçylary we halk gorky we umytsyzlyga düşdüler. Özlerine kömek etjek diňe bir döwlet bardy, ol hem Beýik Seljuk döwletidi. Ahyry Halapdaky maşgalasyndan biriniň ýolbaşçylygynda, şäher kethudalaryndan döredilen ilçi topary Bagdada Soltan Muhammet Tapara iberildi. Halap Seljukly topary we Siriýanyň beýleki emirliklerinden gelen toparlar, Bagdada — soltanyň metjidine baryp, juma namazynda, uly ses bilen perýat-pygan edip, Siriýadaky haçparazlaryň ýörişleriniň nädereje howply ýagdaýa salandygyny düşündirmäge başladylar. «Soltanyň we halypanyň bu ýagdaýa hiç üns bermeýändiklerini» aýtdylar. Tolgunşygyň artmagy bilen metjitde hutba okap oturan hatyp aşak indirilip, münberi parçalandy, juma namazy bolsa okalmady. Ýöne soltan tarapyndan iberilen bir hadym Soltanyň Siriýa ýardam etmäge haçparazlara garşy goşun iberjekdigini wada berendigini aýtdy. Şu sebäpli metjitdäki tolgunyşyklar soňlandy. Şeýle hem Siriýaly toparlar bir hepdeden soňra, ýene juma güni halypanyň metjidinde tolgunyşyklar edip, bulagaýçylykly 162 hereketleri döretdiler. Halypa Mustahzir Billahynyň muňa gahary gelip, topara goşulan adamlaryň zyndana taşlanmagy buýurdy. 1111-NJI ÝYLDAKY ÝÖRIŞ Bu wakalardan habardar Muhammet Tapar Mosul häkimi Möwdudy serkerde belläp, haçparazlara garşy gazawat ýörişi üçin yslam älemindäki emirlere we hökümdarlara çapar ugratdy. Köp wagt geçmänkä, Ahlat emiri Sökmen, emir Porsuk, Hemedan emirlerinden Ilbeg we Zeňňi, Meraga seljukly häkimi Ahmedil, Erbil emiri Abylhoja, Ilgazyogly Aýaz we beýleki emirler güýçleri bilen şazada Mesgut we Möwdudyň güýçlerine goşulmak üçin ýurtlaryndan çykdylar. Goşunbaşy Möwdut güýçleri bilen bile seljukly goşunynyň ýygnanmaly ýeri — Harran düzlügine geldi, beýleki güýçler hem şolere gelip ýygnandylar. Şol pursatlarda seljukly dikmesi Şeýzar emiri Soltan goşunbaşy Möwduda bir hat iberip «Haçparazlaryň Şeýzary gabamaga başlandyklaryny, bu sebäpli seljukly goşunynyň derrew Siriýa gelmelidigini» habar berdi. Haçparazlar bilen göreş üçin bellenilen bir meýilnamanyň ýokdugy üçin seljukly goşuny, Ýewfrat derýasyny geçip, Josceliniň golastyndaky Telbaşyri gabadylar. San taýdan agdyk seljukly goşuny bilen söweşip bilmejekligine gözi ýeten Joscelin, seljukly emirlerinden Ahmede aşaklyk 163 bilen, para we gymmatbahaly sowgatlar iberdi. Oňa: «Seljukly goşunyndan çykyp özüne goşulmagyny, munuň ýerine isledik mukdarynda altyn berjegini» habar etdi. Ýagdaýy aňan seljukly emirleriniň ýazgarmaklary netijesinde Ahmet Josceline goşulmady. Köp wagt geçmänkä, esgerlerini alyp Meraga dolandy. Ondan başga-da, seljukly goşunyndaky beýleki emirleriň arasynda düşünişmezlikler ýüze çykdy. Bu sebäpli Telbaşyra hüjüm etmek goýbolsun edildi (1111-nji ýylyň Alp Arslan aýy). Şol wagtlar Ryzwan Möwduda we beýleki seljukly emirlerine hat iberip: «Hakykatdan-da örän kyn ýagdaýa düşdüm, Halaby taşlap gitmek islemeýärin. Maňa hökmany suratda kömek gerek» diýip, çykgynsyz ýagdaýy düşündirjek boldy. Şunluk bilen seljukly goşuny Halaba tarap ýöriş etdi. Halap sebitlerine gelip, karargäh guran seljukly goşuny halkyň mal-mülküni, hasylyny talady. Haçparazlara garşy söweşmek üçin kömege çagyran seljukly esgerleriniň bu hereketlerine gynanan Ryzwan öz çakylygyna puşman edýän ýalydy. Bu sebäpli ol ýardam üçin çagyran seljukly goşunynyň özüne howp saljakdygyndan gorkup, galanyň goragyny has-da güýçlendirdi. Şäher derwezelerini ykjam ýapdyryp, esgerlerini galanyň üstünde ýerleşdirdi. Aýratyn-da, gijelerine adamlaryna seljukly goşunynyň azyk we ýarag ammarlaryny talatdy. Şeýlelikde, Halapda daşky dünýä bilen on ýedi günlük üzňelikden soň, azyk 164 ýetmezçiligi ýüze çykdy. Beýleki tarapdan emir Sökmen syrkawlady we esgerlerini alyp, Ahlata dolandy. Şol wagtlar Damask emiri Tugtegin goşuny bilen gelip, seljukly goşunyna goşuldy. Onuň goşunyň Halabyň töwereginde gol gowşuryp boş oturanyndan Siriýa topraklarynda ýaýylyp, haçparazlar bilen söweşmegiň has dogry boljakdygy baradaky maslahaty bilen goşun günorta Magarratun-Nugmana ýörişe gitdi. Ryzwan bolsa Tugteginiň goşulmagyny hoş görmedi we bileleşigi bozmak maksady bilen käbir syýasy oýunlara baş goşdy. Ol seljukly goşunyndaky emirlere gizlin hatlary iberip, Tugteginden bihabar onuň elindäki Damask we başga ýerleri basyp almaklaryny maslahat berip, olary küşgürdi. Kyn ýagdaýa düşen Tugtegin goşunbaşy Möwdudyň hemaýaty bilen howpy başyndan sowdy. Seljukly goşunyna asudalyk aralaşdy. Agyr ýaralanan emir Porsuk esgerleri bilen goşundan aýrylmaga mejbur boldy. Möwdut bilen Tugteginden beýleki emirler hem ýeke-ýekeden ýurtlaryna dolandylar. Şeýlelikde, Siriýa topraklarynda agalyk sürýän haçparazlara hiç hili şowly garşylyk görkezip bilmedik seljuklylar dargadylar. Ryzwanyň golastyndaky Halap Seljukly döwleti hemme aladalary bilen başa-baş galdy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling