Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
156 TELBAŞIR SÖWEŞI Birnäçe ters hereketleri sebäpli soltan Muhammet Tapar tarapyndan Mosul Seljukly häkimliginden uzaklaşdyrylan emir Çawly Mardin emiri Ilgazy bilen gatnaşyk açyp, oňa soltana garşy birleşmegi teklip etdi, emma ynamy gaçan Ilgazy onuň teklibini kabul etmedi. Baudouin bilen ylalaşyp, ony azat edenden soň, soltanyň hyzmatyndan aýrylan Ispehbud Sabawa we birnäçe arap emirleri bilen soltana garşy bileleşik gurdy. Sabawa Çawla «Yrakda galsa, elmydam soltanyň howpy astynda boljakdyklaryny, Siriýada bolsa, musulman esgerleriniň azlygy hem-de bu ülkäniň haçparaz ýörişlerine uçrandygy sebäpli Siriýa häkim bolmagyň özleri üçin has gowy boljagyny» aýtdy. Sabawanyň teklibini goldan Çawly we ýaranlary Siriýa ýöriş etdiler. Bu habary alan Ryzwan derrew güýçlerini toplap, olara garşy herekete geçdi. Ol Rakka gidip, mülkleriniň bir bölegini basyp alan Çawly we onuň ýaranlarynyň duşmany arap Numeýrogullary taýpalary bilen olara garşy bir ylalaşyk baglaşdy. Soňra Halaba dolandy. Soltan Muhammet Taparyň teklibi bilen ylalaşmadyk Çawly Halap Seljukly häkimiýetindäki Ýewfrat derýasynyň kenaryndaky Balis şäherini we galasyny eýeledi (1108-nji ýylyň Ruhnama aýy). Bu sebäpli Ryzwan ýakyn goňşusy Antakyýa şazadasy Tankrede iberen hatynda, özüne degişli galalary basyp 157 alan Çawla garşy bileleşmegi teklip etdi. Siriýada ýerleşen ýagdaýynda Çawlynyň haçparazlar üçin howply boljagyny pikir eden Tankred taýýarlyga başlady. Beýleki tarapdan Çawly köne dosty Urfa grafy Baudouin we Joscelin bilen Ryzwana we Tankrede garşy birleşmegi başardy. Köp wagt geçmänkä, Çawly Sabawa, Aksyýan, Altyndaş, Şunkar, Baudouin we Joscelin güýçleri bilen hem-de Ryzwanyň iberen esgerleri bilen goldanan Tankrediň güýçleri Telbaşyr sebitlerinde söweşdiler (1108-nji ýylyň Sanjar aýy). Gazaply söweşde Tankred ýeňdi, Ilgazy we ýaranlary bolsa örän uly ýitgilere sezewar edildi. Ryzwanyň özüniň gatnaşman diňe esgerlerini iberen Telbaşyr söweşiniň netijesinde, Çawlynyň Siriýa we Halaba häkim bolmak meýli başa barmady. Bu ýeňişden soň, Ryzwan Çawlynyň basyp alan Balis galasyny aňsatlyk bilen yzyna almagy başardy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling