175
ALP ARSLANYŇ ÖLDÜRILMEGI
Atabeg Tugtegin Halapdan aýrylanyndan soňra
emir Luwluw Halabyň ýeke-täk we garşydaşsyz häkimi
boldy. Munuň netijesinde
ol soltan Alp Arslan bilen
hiç maslahatlaşman häkimiýete başlady, birnäçeleriniň
malyny we emlägini talady Abylfazly täzeden öňki
wezipesine geçirdi. Döwlet işlerine hiç üns bermeýän
Alp Arslan bolsa zowky-sapa bilen gününi geçirýärdi.
Hatda bir gezek birnäçe emiri we goşunbaşylary Halap
galasynyň bir ýerinde üýşürip, olara: «Bu ýerde siziň
baryňyzyň kellesini çapjak biri bar diýsem näme
diýersiňiz» diýdi, gorkan emirdir goşunbaşylar: «Eý
soltanymyz, biz seniň gullaryňyz we sen näme diýseň
razydyrys» diýip, ýagdaýy oýna salyp gaçýarlar. Alp
Arslanyň bu hereketinden soňra döwlet ýolbaşçylary
pikirlenmäge başlaýarlar. Döwletiň ýeke-täk häkimi
Luwluw hem bu ýagdaýdan gorkup, soltany öldürmegi
peýläp başlaýar. Emir Garajanyň başda durmagynda
hem-de birnäçe emirleriň goldaw bermeginde 1114-nji
ýylyň Ruhnama aýynda, öz otagynda oturan wagty Alp
Arslany öldürmegi başardylar.
Bir ýyla ýakyn wagtlap Halap Seljukly
döwletiniň tagtynda oturan soltan Alp Arslan örän ýaş,
tejribesiz, gyzma häsiýeti bilen hiç hili üýtgeşmeleri
girizip bilmedi. Ýöne ol atabegi Luwluwyň kömegi
bilen batynylaryň Halapdaky hereketlerine dur diýmegi
başardy. Ýöne haçparaz howpuna garşy şowly hereket
edip bilmedi. Diňe Luwluwyň gižželemegi bilen
döwletiň birnäçe ýolbaşçylaryny ýa işinden aýyrdy, ýa-
da öldürtdi. Şeýlelikde, Alp Arslanyň bir ýyllyk