Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
SOLTAN RYZWAN BILEN GATNAŞYKLAR
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
SOLTAN RYZWAN BILEN GATNAŞYKLAR Soltan Ryzwan kakasynyň ölüminden soň Tutuşa tabyn emirleriň razylygy bilen Halaby paýtagt edip, şol ýerde Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň tagtyna geçdi. Ýöne döwletiň öňki paýtagty Damaskdaky Tutuşyň naýyby we emirleri Ryzwanyň Halapda ýerleşip, kakasynyň ýerine soltan bolmagynyň tarapdary däldiler. Netijede, Sawteginiň ýolbaşçyly- gynda Damaskda özbaşdak Seljuk döwleti guruldy. Has öň kakasyna dahylly döwletleriň häkimiýetini eýelemegi maksat edinen Ryzwan, täze gurlan Damask 193 Seljukly döwletine razy bolmady. Alžirde we Gündogar Anadolyda bolşy ýaly, Damaskda hem häkimiýeti almak üçin birnäçe gezek harby we syýasy çäreleri geçirdi. Öňki bölümlerde aýdyşymyz ýaly, Ryzwan 1096-njy ýylda soltan Dukagyň, atabeg Tugtegin we soýuzdaşlary emir Ýagysyýan we Artykogly Ilgazynyň şäherde ýok wagtlary, Damaska hüjüm etse-de, şowly netije bermedi. Damasky Halap döwletine birleşdirmek isleýän Ryzwan şowsuz hereketlerden soň, 1095-1096-njy ýyllaryň Bitaraplyk-Türkmenbaşy aýlarynda ikinji ýöriş üçin taýýarlyklara başlady. Ýöne Dukagyň ýaranlaryndan Antakyýa häkimi Ýagysyýan Damaska gelip, ýagdaýy Dukaga gürrüň berdi. Dukak bilen Tugtegin şäheriň goragyny güýçlendirdiler. Az wagtdan soň Damaska gelen Ryzwan taýýarlykly goragçylaryndan başga, Ýagysyýanyň doganyna goşulandygyny görüp, hüjüm etmekden gorkup, Halaba dolanmaga mejbur boldy. Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň häkimiýetini basyp almagy maksat edinen Ryzwan, duşmany bolan dogany Damask soltany Dukak bilen onuň ýarany Antakyýa häkimi Ýagysyýana garşy birnäçe hereketlere girişdi. Antakyýada şowly hüjümler bolsa-da, Damaskda belli bir üstünlik gazanyp bilmedi. Eger Antakyýany basyp alsa, Damaskyň hem gowşajagyny pikir eden Ryzwan, Antakyýa hüjüm etmäge taýýarlyklara başlady. Ryzwanyň hereketlerini synlaýan emir Ýagysyýan, ýarany soltan Dukaga habar ýetiripdir. Dukagyň goragy taşlap, Halaba hüjüm edendigini görýäris. Soltan Dukak Tugtegin, Ispehwud 194 Sabawa we Ýagysyýan bilen bile Halaba hüjüme geçdi. Ryzwanyň güýçleri bilen Damaskyň güýçleri 1097-nji ýylyň Nowruz aýynda Gynnesirde söweşşdiler. Söweşiň netijesinde Dukagyň güýçleri agyr ýitgä sezewar bolup, Damaska yza çekilmäge mejbur boldy. Netijede, Ryzwan wagtlaýynça üstünlik gazandy we emir Ýagysyýany güýçden gaçyrdy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling