Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
ANTAKYŸÝa KÖMEK 
Haçparazlar Urfany basyp alyp, ol ýerdegraflygy 
guranlaryndan (1098-nji ýylyň Nowruz aýy) soňra, 
Antakyýanyň üstüne ýöriş etmekleri bilen şäher häkimi 
emir Ýagysyýan, Beýik Seljuk döwletiniň soltany 
Berkýarygyň başda durmagy bilen Eljezirdäki we 
Siriýadaky seljukly emirleriň Antakyýa kömege 
gelmeklerini habar berdi. Dukak, atabegi Tugtegin we 
ýene-de birnäçe emirler Damaskdan herekete geçdiler. 
Soltan Dukak emir Ýagysyýanyň ogly Şemseddöwle 
bilen Şeýzaryň golaýynda düşlediler. Dukak bu ýerde 
haçparazlaryň bir böleginiň üstüni gapyl basyp, olary 
yza çekilmäge mejbur etdi. 
Beýleki tarapdan haçparazlaryň Antakyýany 
gabamaga 
başlamaklary we Ýagysyýanyň ýüz 
tutmagynyň netijesinde, Soltan Berkýarygyň buýrugy 
bilen haçparazlara garşy göreş üçin, goşunbaşy 
bellenen Mosul häkimi emir Gürbuga taýýarlykdan soň 
Urfany graflykdan yzyna almak maksady bilen ýöriş 
etdi. Soltanyň çakylygy bilen gazawat ýörişine 
goşuljak Eljeziräniň we Siriýanyň emirdir soltanlary 
Gürbuga Merjidabykda goşulmalydylar. Bu maksat 


195 
bilen Dukak we atabegi Tugtegin goşuny bilen 
Merjidabyga ýöriş etdiler. Soltan Dukagyň baştutanlyk 
eden güýçleri Telmennes galasyna ýakynlaşanlarynda, 
gala halkynyň haçparazlara hat ugradyp, olary Siriýa 
ýöremeklige iterendikleri ýüze çykdy. Bu habary alan 
Dukak, halka jeza hökmünde belli bir mukdarda pul 
tölemelidigini 
ýazdy, 
ýöne 
hemmesini 
töläp 
bilmändikleri üçin girewler alnyp, Damaska ugradyldy. 
Has soňra Siriýa goşuny demirgazyga tarap ýoluna 
dowam edip, Merjidabyga gelenlerinde, şowsuz 
tamamlanan Urfa söweşinden gelen Gürbuganyň 
goşuny bilen birleşip (1098-nji ýylyň Magtymguly 
aýynyň ahyry), Antakyýa ýöriş etdiler. Seljuk goşuny 
1098-nji ýylyň Oguz aýynyň 9-yna, Antakyýa 
gelenlerinde, şäheriň içki galasyndan başga ýeri 
haçparazlaryň eline geçipdi. Türkmen goşunynyň 
başynda duran Gürbuga Antakyýa düzlüginde söweş 
üçin haçparazlara şäheriň daşyna çykmaga rugsat 
berdi. Heniz çaknyşyk başlamanka, Gürbuganyň 
ýanyndaky emirdir goşunbaşylar söweş meýdanyny 
terk etdiler. Soltan Dukak beýleki emirler ýaly Sökmen 
we Jenaheddöwle bilen söweşmän Damaska dolandy. 
Netijede, 
Dukagyň 
haçparazlara garşy gurnan 
hereketleri şowsuz tamamlandy. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling