Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
GÜNORTA-GÜNDOGAR ANADOLA ÝÖRIŞ
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
GÜNORTA-GÜNDOGAR ANADOLA ÝÖRIŞ Öň belleýşimiz ýaly Tutuş, Soltanşanyň ölüminden soňra Berkýaryk bilen tagt ugrundaky göreşe başlan wagtlary Demirgazyk Siriýadan we Mosuldan soňra, günorta-gündogar Anadoly sebitine 196 gelip, ol ýerleri häkimiýetine alypdy, Silwany Tugtegine beripdi. Ýöne Reý söweşinde tussag edilip, zyndana atylan, has soňra boşadylan Tugtegin Silwana Altaşy naýyp belledi we Damaska gelip, soltanyň hyzmatyna girdi. Tugteginiň bu ýerden aýrylmagyndan soň bu sebit, Beýik Seljukly şadöwletine degişli türkmen emirlerini Altyndaş Silwanda, Sadr Amidde, Şahruh Hanyda we Erzende, Gyzyl Arslan Siirtde we Begmurtda, Türkmen Musa Hasankentde, Ýeltekin Bitlisde – häkimiýete geçdiler. Ozal belleýşimiz ýaly Tutuşyň ölüminden soň, ogly Ryzwan kakasynyň häkimiýetini eýelemek üçin günorta-gündogar Anadola ýöriş etse-de, netije gazanyp bilmedi. Bu gezek soltan Dukak kakasynyň döwründe, umumy häkim we häkimiýeti elde saklan bu sebitleriň täze emirleriniň wepalylygyny gazanmak maksady bilen 1099-1100-nji ýyllarda, esgerleri bilen, Damaskdan çykyp, Rahbe ýoly bilen günorta-gündogar Anadola, ýagny Silwana geldi. Köp wagt geçmänkä, sebitdäki bütin emirler huzuryna gelip, wepalylyklaryny görkezip, tagzym etdiler. Şol wagtlar soltan Dukak halka zulum edip, mallaryny talaýan emir Altyndaşyň weziri Abu Bekri tutduryp, emlägini talady. Şeýdip, sebitde özüne bolan ynamy berkidip, Damaska dolandy. HAÇPARAZLAR BILEN GÖREŞLER TANKRED BILEN ÇAKNYŞYK Öňki bölümlerde aýdyşymyz ýaly, haçparazlar Urfada, Antakyýada we Iýerusalimde döwlet gurmagy 197 başaranlaryndan soň, häkimiýetlerini musulmanlaryň garşysyna giňeltmek üçin Siriýa we Palestina yzygiderli hüjüm edýärdiler. Şol maksat bilen Iýerusalim şasy Godefroi de Bouillon bilen Tabaryýa şazadasy Tankred, Tabary kölüniň gündogaryndaky mes toprakly Belka sebitiniň Sewat topraklaryny basyp almaga taýýarlanýardy. Bu sebitden alnan mallar, hasyllar Palestinanyň gämi duralgalaryna ugradylmalydy. Şa bu sebiti şalyk araçäklerine almak isleýärdi. Şol maksat bilen Tankred 1100-nji ýylyň Magtymguly aýynyň başlarynda, şadan aýry taýýarlan güýçleri bilen Jöwlana çenli hüjümlerini sürdürmegi niýetläpdi. Haçparazlaryň Sewada hüjüm etmäge taýýarlyklary baradaky habary alan arap emiri, soltan Dukaga ilçi bilen ýüz tutup, ondan kömek sorady. Dukak bolsa, oňa bäş ýüz atly iberdi. Beýleki tarapda Tankred goşuny bilen Sewat topraklaryna hüjüm edip, köp sanly ýesir aldy. Tankred, bu ýörişlerden soň esasy haçparaz goşunyna tarap dolanyp barýarka, Dukagyň iberen atly güýçleri bilen çaknyşdy. Söweşde haçparazlar uly ýitgilere sezewar edildi. Tankred kynlyk bilen gijäniň ýary şanyň güýçlerine goşuldy. Ýagdaýdan habardar edilen şa Damask esgerleriniň täze hüjümlerine garşy goragy güýçlendirdi. Seljuk atly güýçleri ýeňişden we haçparazlaryň Sewat topraklaryndan uzaklaşdyrylmagyndan soň, Damaska dolandylar. Ýöne şa Godefroi Iýerusalime dolanmagy sebäpli Tabyryda bir mütdet galan Tankred, Sewat topraklaryna her gün diýen ýaly talaňçylykly hereketleri edýärdi. Günbatarly bir haçparaz çeşmesine görä, soltan Dukak talaňlary togtatmak üçin Tankrede 198 birnäçe mukdar altyn we sowgatlar iberip, ýaraşyga çagyrdy. Ýaraşyk barada şanyň hem razylygyny alan Tankred, jogap hökmünde Damaska alty sany tejribeli atlydan ybarat ilçi toparyny iberdi we Dukaga Damasky terk etmegi ýa-da hristiançylygy kabul etmegi teklip etdi. Muňa gahary gelen Dukak ilçilere yslamy ýa-da ölümi saýlaň diýdi. Yslamyýeti kabul eden birinden başgasynyň kellesi kesilip öldürildi. Bäş ilçiniň öldürilmegi baradaky habar alan Tankred, derrew güýçlerini alyp, täzeden Sewat düzlügine baryp, on dört günläp sebiti talady. Dukakdan hiç hili kömek almadyk Sewat emiri hüjümleriň öňüni almak üçin Tabary şazadasy Tankrediň dikmesi bolmaga we paç tölemäge mejbur boldy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling