202
edýär. Damask we Humus güýçleri Trablusşamda Ibn
Ammaryň güýçleri bilen birleşip, Raýmondy
garşylamak üçin Antartusa ýöriş etdiler.
Musulman
güýçleri baradaky habary alan Raýmond Antartusyň
golastynda karargähini gurýar we söweşe taýýarlyk
görýär. Bileleşen güýçler haçparazlara garşy üç
tarapdan hüjüme geçýärler. Çaknyşygyň başlarynda
birleşen güýçler näbelli sebäplere görä bölünýärler.
Köp wagt geçmänkä-de, Damask esgerleri ýeňlip
dargaýarlar. Damask we Humus esgerleriniň
dargamagy bilen Raýmond goşuny bilen Trablusşam
esgerleriniň üstüne hüjüme geçýär we olary ýeňýär.
Birleşen güýçler söweşde uly ýitgilere sezewar
bolýarlar. Söweş meýdanyndan gaçan Trablusşam,
Damask we Humus goşunlary yzlaryna dolanýarlar
(1102-nji ýylyň Gurbansoltan aýy). Soňra Raýmond
Ortaýer deňziniň gündogaryndaky möhüm gämi
duralga şäherini Trablusşamy gabaýar.
Do'stlaringiz bilan baham: