Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet71/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
TUTUŞ DAMASK TAGTYNDA 
Soltan Dukagyň wesýeti bilen kiçi ogly Tutuş 
Damask tagtyna geçirilse-de, häkimiýet dolulygyna 
Tugteginiň elindedi. Tugtegin häkimiýetini berkitmek 
üçin şäher halkyna we töweregindäki adamlara uly 
möçberlerde haýyr-yhsan etdi we adalatlylygy bilen 
olaryň sylag-hormatyny gazandy. Netijede, Tugtegin 
Dukagyň ölüminden soň döwlet işlerini ýola goýdy.
 
ÄRDAŞYŇ ŸÝaGDAÝY 
Soltan Dukak ölmänkä, özüniň on iki ýaşly 
dogany Mühiddin Ärdaşdan şübhelenip, ony Bagalbek 
häkimi Kümüştegine ugradyp, ony Bagalbek galasynda 
göz astynda saklamagyny sorady. Ýöne Dukagyň 
ölüminden soň Tugtegin Ärdaşyň tussagda bolmagyny 
oňlamady we Kümüştegine hat ugradyp Ärdaşy 
boşadyp Damaska ugratmagyny isledi. Köp wagt 
geçmänkä, Damaska gelen Ärdaşy dabara bilen garşy 


207 
alan Tugtegin, emirdir goşunbaşylaryň razylygy bilen 
ony Damask Seljuk döwletiniň tagtyna oturtdy, özi 
bolsa öňküsi ýaly döwlet işlerine ýeke-täk gözegçi 
bolup galdy (1104-nji ýylyň Ruhnama aýy). Ýöne 
oglunyň tagtda oturmagyna garamazdan Ärdaşyň ejesi, 
Tugteginiň aýaly Safwetilmülk hatyn adamsy bilen 
dilleşip, agtygy Tutuşy täzeden tagtda oturtmak üçin 
Ärdaşy 
yzygiderli 
öjükdirýärdiler. 
Aýratyn-da 
Tugteginiň emiri Aýteginiň başda durmagy bilen ýene-
de birnäçe emirler Ärdaşa Damaskdan gizlin gaçyp, 
Bagalbekdäki emir we serkerdeler bilen birleşip, 
haçparazlaryň kömegi bilen Damasky Tugteginden 
alyp, Seljukly tagtyna oturmagyny maslahat berdiler. 
Heniz çaga ýaşdaky Ärdaş 1104-nji ýylyň Ruhnama 
aýynda Aýtegin bilen gizlinlikde Damaskdan gaçyp 
Bagalbege däl-de Şeriga düzlüginiň gündogaryndaky 
Hawrana gitdiler. Bu ýerde olara Tugteginiň 
garşydaşlaryndan birnäçe adamlar goşuldy. Olar 
Baudouine ýüz tutup, ondan kömek soradylar. Şanyň 
razylyk bermegi bilen Ärdaş we Aýtegin Iýerusalime 
gelip, Baudouin bilen gepleşikleri geçirip Damaska 
hüjüm etmäge yrdylar. Ýöne fatymylaryň Palestinany 
haçparazlardan halas ediş hereketlerine başlamagy 
bilen 
Baudouin, 
olaryň 
haýyşyny 
ret 
etdi. 
Haçparazlaryň kömeginden umydyny kesen Ärdaş 
Aýtegin bilen bile Iýerusalimden gaýdyp, Siriýa çöli 
bilen Damask Seljukly döwletine degişli Rahbe 
şäherine baryp, häkimiýeti eýeledi (1105-nji ýyl 
Gurbansoltan aýy). Ärdaş ol ýerden gündogara hereket 
etdi, ýöne, ýolda aradan çykdy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling