Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
RAHBE WE HUMUSYŇ SYNMAGY Siriýa çölüniň demirgazyk-gündogarynda we Ýewfrat derýasynyň sag kenarynda ýerleşen Rahbe Beýik Seljuk döwletiniň Mosul emiri Gürbuganyň häkimiýet golastyndady. Gürbuga aradan çykanyndan soň (1102-nji ýylyň Ruhnama aýy), onuň häkimiýeti emiri Gaýmaza geçýär. Öz wagtynda kakasy Tutuşyň häkimiýetinde ýer alan Rahbäniň Gaýmaza geçendigi baradaky habary alan Dukak, Tugtegin we esgerleri bilen Rahbe galasyna tarap ýöriş edýär. Dukak, şäheri gabasa-da, almagy başarman, Damaska dolanýar. 203 1102-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda emir Gaýmazyň ölmegi bilen häkimiýet şäher häkiminiň gyzyna öýlenen emir Hasanyň eline geçýär. Emir Hasan Seljuk häkimiýetini ünsden düşürip, hutbany öz adyna okadýar. Goşun we şäher ýolbaşçylaryny zyndana atdyrýar, emläklerini talaýar. Beýleki tarapdan Rahbede häkimiýetiň üýtgändigi baradaky habary eşiden Dukak, ýene-de Rahbäni gabaýar. Emir Hasanyň zulmyndan we azyk ýetmezçiliginden horlanan halk şäheri Dukaga berýär. Şähere giren Dukak, içki gala çekilen Hasanyň haýyşy bilen özüne we maşgalasyna aman berýär we häkimiýet başyna geçýär (1102-nji ýylyň Gurbansoltan aýy). Halk bilen arasyny sazlan Dukak Muhammet Şeýbanyny orunbasary belläp, Damaska dolanýar (1103-nji ýylyň Gurbansoltan aýy). Rahbe bilen Damask şeýdip Seljukly döwletiniň häkimiýet golastyna girýär. Humus emiri Jenaheddöwle Hüseýin häkimiýeti eýelemekde gijä galýar. Ol Humusda 1103-nji ýylyň Magtymguly aýynda juma güni, batynylar tarapyndan öldürilýär. Emirleriniň ölüminden soň, Humusda bulagaýlyklar başlanýar. Bu sebäpli şäherdäki türkmenler Damaska gaçýarlar. Bu ýagdaýdan peýdalanmak islän Raýmond, Humusy eýelemek üçin taýýarlyk görýär. Jenaheddöwläniň ölüminden soň aýaly we ogly soltan Ryzwana Humusy ele almaga çagyrýar. Bu çakylykdan habardar Humus serkerdeleri Ryzwandan gorkularyna Dukaga ilçi toparyny iberip, şäheri öz häkimiýetine almagy haýyş edýärler. Şol wagtlar Dukak heniz Rahbeden dolanmandy. Damaskda Dukagyň ýerine galan Aýtegin wagt 204 ýitirmän güýçleri bilen Humusa gelip, şäheri we galany eýeleýär. Ýöne köp wagt geçmänkä, Damaska gelip ýagdaýdan habardar edilen Dukak, Tugtegin bilen bile Humusa gelýär we häkimiýeti eýeleýär. Ejesiniň çakylygy boýunça ýola düşen Ryzwan Raýmond bilen Humusyň Dukak tarapyndan eýelenendigini bilip, yza dolanýar. Netijede, Dukak Damask Seljuk döwletiniň häkimiýetine Humusy alyp işleri ýola goýdy we öldürilen Jenaheddöwläniň çagalaryny alyp, Damaska dolandy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling