Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
VIII BÖLÜM
ALP ARSLANYŇ DÖWRI Soltan Ryzwan aradan çykandan soňra, ýerine on alty ýaşly ogly Täjeddöwle Alp Arslan Muhammet geçdi. Şol ýyllarda Halap Seljukly döwleti içerki we daşarky meseleleri bilen ýüzbe-ýüzdi. Ryzwanyň dürli sebäpler bilen Halapda batynylara ýaýylmaga rugsat bermegi netijesinde, baştutanlary Abu Tahyryň we häkim Münejjimiň başda durmagy bilen batynylar Siriýada, esasan Halapda herekete geçip, döwlet dolandyrylyşyna täsir ýetirmäge we goşun hatarlaryna girmäge başladylar. Olaryň wagyz-nesihatlarynyň täsiri bilen mal we jan goragy üçin halk batynylaryň tarapyna geçmäge başlady. Soltan Ryzwanyň aradan çykan günlerinde Halaba gelen Demleç ogly Husameddin hem olaryň täsirinde galyp, özüne tabyn kiçi galalaryň birine häkim edip Ybraýym Ajamy atly batynyny belledi. Batynylar Ryzwan öleninden soňra Halaby eýelediler. Şeýlelikde, içerden batynylaryň zorluklaryna duçar bolan Seljukly döwleti daşardan haçparazlaryň hüjümleri netijesinde partlama nokadyna gelipdi. Esasan Antakyýa haçparaz şazadalaryndan 171 Bohemund we Tankrediň harby çäreleriniň netijesinde, Halap sebitindäki galalar ýeke-ýekeden elden gitdi we olar her ýyl ýigrimi müň altyn paç tölemäge mejbur edildi. Ine, Täjeddöwle Alp Arslan Halap Seljukly döwletini içerden we daşardan şeýle kynçylyklaryň gurşan döwründe eline aldy. Şol ýyllar döwlet işlerini Baba diýlip tanalýan atabegi we kakasy Ryzwanyň ýakyn kömekçileriniň biri Luwluw atly emiri alyp barýardy. Wezirligi Ryzwanyň döwlet işgärlerinden Abylfazl, goşun serkerdebaşylygyny Kümüştegin, Halabyň içerki goragly güýçleriniň (Ahdas) baştutanly- gyny bolsa halaply beglerden Seýit alyp barýardy. Abu Tahyr Ryzwanyň döwründen bäri, Siriýa batynylarynyň ýolbaşçysy hökmünde Halapda ýerleşdi. Halap Seljukly döwletiniň başyndaky adamlar bolsa Ryzwanyň döwründäki ýolbaşçylardy. Alp Arslan tagta geçen badyna ilki bilen kakasynyň bellän paçlarynyň birnäçesini ýatyrdy. Soňra enebaşga dogany Mübärek şa bilen dogany Soltan şany öldürdi. Elimizdäki çeşmelerde doganlaryny öldürmeginiň sebäpleri görkezilmese-de, Alp Arslanyň tejribesiz we ýaş bolmagyndan peýdalanyp, döwlet işlerini ele almak maksady bilen atabegi Luwluwyň gižželemegi bilen öldürdendigini çaklamak bolýar. Käbir çeşmeler öz wagtynda kakasy Ryzwanyň Halap soltany bolanda, Abu Talyp we Bähram şa atly iki doganyny öldürmegini görkezip, bu iki wakada meňzeşligiň bardygyna ünsi çekýärler. Kakasy soltan Ryzwanyň görkezen ýumşak hereketleriniň netijesinde, döwlet işlerine ornaşmagy başaran batynylar ýaş we tejribesiz Alp Arslanyň 172 döwründe, has-da güýçlenmäge we halkyň içinden özlerini goldaýanlary ýanlaryna çekmäge başladylar. Döwlet emellary we Halap begleri güýçlenen batynylardan gorkup başladylar. Beýleki tarapdan Ryzwanyň döwründen bäri Halapdaky batyny çäre- lerini ýakyndan synlaýan we wagtal-wagtal duýduryş beren Beýik Seljukly hökümdary soltan Muhammet Tapar bu gezek ýaş soltan Alp Arslana bir hat ugradyp «Kakaň batynylar babatda maňa garşylyk görkezýärdi, ýöne senden öz oglum hökmünde, olary ýok etmegiňi isleýärin» diýdi. Şol wagtlar Halap begi Seýidiň ýolbaşçylygynda şäher kethudalary soltan Alp Arslana batynylary ýok etmegini maslahat berýärdiler we özleriniň-de kömek etjekdiklerini aýdýardylar. Ýaş soltan derrew herekete geçip, ilki bilen batynylaryň ýolbaşçysy Abu Tahyry we Halapda ýerleşen baştutanlaryny ýeke-ýekeden tutduryp öldürdi. Aýratyn-da, iki ýüze golaý batynyny tutduryp, malyny we emlägini talady. Olaryň ýarysyny zyndana atdyrdy, ýarysyny-da öldürdi. Halas bolanlar Halapdan çykyp Siriýanyň beýleki şäherlerine ýerleşdiler, käbirleri haçparazlara sygyndylar. Şol ýyllar batynylary goldan Demleç ogly Husameddin gaçyp, Rakkada ýerleşdi. Şeýlelikde, soltan Alp Arslan kakasynyň başarmadyk işini örän şowly ýerine ýetirdi. Hakykatdan-da, Siriýada we Halapda ýerleşip, dürli çäreler bilen öz ýanlaryna ýaran toplamagy şowly başaran batynylary ýok etmek, ýaş soltan üçin öwgä mynasyp hereket hökmünde taryha girdi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling