Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


SOLTAN RYZWANYŇ WEPATY WE ONUŇ


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet53/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

SOLTAN RYZWANYŇ WEPATY WE ONUŇ 
TARYHY ŞAHSYÝETI 
Halap 
Seljukly 
döwletiniň 
hökümdary 
Fahrylmülk Ryzwan hassalap, 1113-nji ýylyň 
Bitaraplyk aýynyň 10-una Halapda aradan çykdy. Ony 
Meshedilmelikde jaýladylar. Ol aradan çykan soň, 
döwlet dolandyrylyşy doly bozuldy. Çeşmeleriň habar 
bermegine görä, Ryzwan bahasy bir million altyna 
barabar hazyna galdyrypdyr.
Ryzwan 
Halapda 
hökümdarlyk 
tagtyna 
geçeninde Siriýa we Palestina Seljukly döwletiniň 
ýeke-täk hökümdarydy. Köp wagt geçmänkä, dogany 
Dukak kakasy Tutuş döwründe döwletiň paýtagty 
Damaskda aýry bir döwlet gurmagy başardy. Şondan 
soňra Siriýa we Palestina Seljukly döwleti Halap we 


167 
Damask diýen iki gola aýryldy. Ryzwan doganynyň 
Damaskdaky hökümdarlygyna garamazdan, Siriýa we 
Palestina ýalňyz özi hökümdarlyk etmegi maksat 
edindi. Ol maksadyny amala aşyrmak üçin birnäçe 
gezek synanyşsa-da şowly netije gazanmady. Munuň 
esasy 
sebäbi kakasyna hyzmat eden atabegi 
Jenaheddöwle 
Hüseýin, 
Ýagysyýan, 
Artykogly 
Sökmen, Ilgazy, Abak, Ýusup ýaly birnäçe tejribeli we 
parasatly 
goşunbaşlary 
öz 
ýanynda 
saklap 
bilmändigindedir. Şeýlelikde, ady agzalan emirleriň 
maddy we ruhy goldawyndan mahrum galan Ryzwan 
kakasynyň häkimlik süren döwletlerini elinde tutup 
bilmeýşi ýaly, watany Palestinanyň Müsür fatymy-
larynyň ele geçmeginiň hem öňüni alyp bilmedi. Iň 
soňunda hökümdarlygy Halap we sebiti içinde galdy. 
Ol Damasky doganyndan alyp, bütin Siriýa we 
Palestina häkimiýetini ýalňyz eýelemek maksadyny 
amala aşyrmak üçin şaýy fatymy döwleti bilen 
şertnama baglaşdy. Halap we onuň sebitindäki 
metjitlerde sünni hutbalaryny ýatyryp, gysga wagtlyk 
hem bolsa, şaýy hutbasyny okatdyrmagy, şol döwrüň 
sünni yslam äleminde hoş kabul edilmedi. Bagdat 
halypasy we Seljukly soltanynyň başda durmagy bilen 
beýleki 
döwlet 
hökümdarlary 
närazylyklaryny 
bildirdiler we Ryzwan kararyny üýtgetmäge mejbur 
boldy. Seljuklylar taryhda hiç haçan, hiç bir ýagdaýda, 
wagtal-wagtal fatymylar bilen şertnama baglaşan hem 


168 
bolsalar, Ryzwanyň edişi ýaly sünni hutbasyny 
ýatyryp, şaýy hutbasyny okatmandylar. 
Haçparazlar Orta Gündogara girip, Urfada, 
Antakyýada, Iýerusalimde we Trablusşamda döwlet 
guranlaryndan soňra, Halap Seljukly döwleti beýleki 
musulman emirlikleri we döwletleri ýaly howpdan 
gutulyp bilmedi. Bu döwürde Ryzwan häkimiýetini 
giňeltmegiň ýerine, golastyndaky şäherdir galalaryň 
goranyşynyň 
aladasyny 
etmäge mejbur boldy. 
Haçparazlara garşy göreşmek maksady bilen yslam 
bileleşigini döretmek üçin birnäçe gezek çemeleşse-de, 
ýaranlarynyň şahsy maksatlary ugrunda hereketleri we 
onuň özüniň töweregindäkilere eden şübheleri sebäpli 
şowly netije gazanyp bilmedi.
Haçparaz ýörişleriniň Gündogary, esasan-da 
Siriýany we Palestinany her dürli kynçylyklar bilen 
ýüzbe-ýüz goýan döwründe hiç bir ýerden kömek 
görmedik Ryzwan Eýrandan gelip, Halapda ýerleşen 
batynylar 
bilen 
birleşip, 
haçparazlara 
garşy 
göreşmekde mätäçlik duýdy. Mälim bolşy ýaly, ol hiç 
wagt ne şaýy, ne-de batynylaryň tarapdary bolupdyr. 
Ýöne döwletdäki şertler ony batynylaryň ýardamyna 
mätäç edipdi. Siriýa batyny birleşiginiň merkeziniň 
Halapda gurluşy, birleşigiň ýolbaşçylarynyň-da bu 
şäherde bolmagy haçparazlar bilen deňeşdireniňde 
esger sany gowşak bolan Ryzwana örän güýçli täsir 
edendigi hakykatdyr. Munuň netijesi hökmünde ol 
batynylara Halapda wagyz merkezini (Daruddawe) 


169 
gurmaklaryna 
rugsat 
berdi. 
Beýik 
Seljukly 
şadöwletiniň soltany Muhammet Tapar oňa bu 
hereketleri üçin gaharyny we närazyçylygyny bildirdi. 
Ol batynylaryň ýolbaşçysy Abylfath bilen dogany 
Abylganymy Halapdan uzaklaşdyrmagyny talap edip, 
oňa buýruk berdi. Elimizdäki çeşmeler Ryzwanyň 
batynylara mätäçdigi üçin ylalaşyk baglaşandygyny 
aýdýar. Bu ýagdaýlara garamazdan, haçparazlar 
Siriýada we Palestinada ýerleşenlerinden soňra on 
sekiz ýyllap hökümdarlyk sürdüler. Hökümdarlyk 
döwründe döwletiň arkaýynçylykda hem-de rahatlykda 
ýaşamaklygy üçin elinden gelenini edendigini bilýäris. 
Halap taryhçysy Ibn Adimiň: «Ölüminden soň Halabyň 
gözgyny ýagdaýa düşendigini we bu sebäpli döwlet 
dolandyrylyşygynda onuň ýoklugyny duýýandygyny» 
habar bermegi, biziň aýdanlarymyzy tassyklaýandyr 
diýip pikir edýäris. 


170 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling