Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


  TUGTEGIN BILEN BIRLEŞIK


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 


173 
TUGTEGIN BILEN BIRLEŞIK 
Soltan Alp Arslan emeldarlarynyň döwlet we 
Halap 
baştutanlarynyň goldawy bilen batyny 
meselesini çözmegi başardy. Munuň bilen bile 
haçparazlara garşylyk görkezmek üçin döwletiň içerki 
işlerinde has berk ýolbaşçylyk gerekdi. Ýolbaşçylar 
gowşakdylar, olaryň arasynda göreş bardy. Munuň 
netijesi hökmünde Alp Arslanyň käbir ýakynlary 
Damask emiri atabeg Tugtegine ýüz tutup kömek 
soramagy maslahat berdiler. Ýaş soltan Tugtegine bir 
hat ugradyp, Halaba gelip döwleti we goşuny nyzama 
salmaga kömek bermegini haýyş etdi. Tugtegin, Alp 
Arslanyň ýaş tejribesizdigi üçin kapyrlara doly 
garşylyk görkezip bilmejegini göz öňünde tutup, onuň 
çakylygyny kabul etdi. Ýöne wagtynda Ryzwanyň 
döwründäki düşünişmezligi we ýüze çykan ýagdaýy 
maslahatlaşmak üçin Alp Arslany Damaska çagyrdy. 
Huzurynda 
soltan 
hökmünde oňa tabynlygyny 
görkezmek maksady bilen, Damaskda Seljukly 
döwletiniň soltany Muhammet Taparyň adyndan soňra, 
onuň adyny hutbalarda okadyp, adyna zikge kakdyrdy 
(1114-nji ýylyň Baýdak aýy). Tugteginiň çakylygy 
bilen soltan Alp Arslan özüne ýakyn döwlet işgärleri 
bilen bile görüşip, karar kabul etmek üçin Damaska 
hereket etdi. Alp Arslany Damaskyň galasynyň öňünde 
garşy alan Tugtegin ony Damask galasyna getirip, öz 
wagtynda daýysy soltan Dukagyň oturan soltanlyk 
tagtyna oturtdy. Emirligiň ýolbaşçylary-da aýak 
üstünde tagzym etdiler. Soltana altyn gap-gaçlar, 
gymmatbahaly daşlar bilen bezelen bir guş, birnäçe at 


174 
sowgat edildi, onuň ýanyndakylara hem gymmatly 
sowgatlar berildi. Soltan Alp Arslan we ýanyndakylar 
Damaskda gepleşikleri geçirip, Halaba dolandylar. 
Şertnama laýyklykda atabeg Tugtegin esgerlerini alyp, 
Alp Arslan bilen bile 1114-nji ýylyň Nowruz aýynda 
Halaba geldi. Ýöne köp wagt geçmänkä, Tugtegin 
heniz öz işlerine başlamanka, soltan Alp Arslan 
düşünilmegi örän kyn ýagdaý döredip, uly derejedäki 
döwlet ýolbaşçylaryny tutdurmaga ýa-da öldürmäge 
başlady. Onuň atabegi Luwluw häkimiýeti eýelemek 
üçin hem-de Tugteginden gorkandygy üçin sebäpli ýaş 
we tejribesiz soltana gep berip, ýolbaşçylara garşy 
herekete getirdi. Munuň netijesinde Alp Arslan 
Luwluwyň we ýakynlarynyň giň möçberde kömekdir 
goldawlary bilen ýarany Tugtegine habar bermän, ilki 
Halap serkerdesi Kümüştegini we beýleki goşun 
baştutanlaryny tutdurdy, soňra-da tejribeli weziri 
Abylfazl bilen kakasy Ryzwanyň emirlerinden Halap 
begi Seýidi zyndana atdy. Has soňra Halapdan sürgün 
edilen Seýidiň ýerine Ybraýym Fyratyny belledi. Şol 
wagtlarda Alp Arslan kakasynyň maslahatçylaryndan 
Altyndaş Alptegini we ýene-de birnäçe emirleri 
öldürmekden hem çekinmedi. Soltan Alp Arslanyň 
özünden habarsyz eden bu ganly hereketlerini ýalňyş 
hasaplap gahary gelen Tugtegin, Luwluwyň we onuň 
ýakynlarynyň sözüň doly manysynda häkim bolan 
Halap şäherinden çykyp, esgerleri bilen Damaska 
dolandy. Agtygynyň özüne ýetirip biljek zyýanyndan 
gorkan Ryzwanyň ejesi-de Tugtegin bilen bile 
Damaska gitdi. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling