Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


BATYNYLAR BILEN GATNAŞYKLAR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

BATYNYLAR BILEN GATNAŞYKLAR 
 
Şowsuzlyk bilen gutaran Nusaýbin ýörişinden 
soň, Siriýanyň möhüm galalarynyň biri Efamiýe Halap 
Seljukly döwletiniň häkimiýet golastyndan çykdy. 
Seljukly 
dikmesi 
Halef 
bin 
Mülabiň 
baştutanlygyndaky Efamiýe 1090-njy ýylda Tutuş 
tarapyndan basylyp alnyp, ol ýere başga häkim 
bellenildi. Tutuş aradan çykansoň, Ibn Mülabi 
fatymylaryň halypasyny haçparazlara garşy söweşmek 
şerti bilen Efamiýäniň özüne berilmegini gazandy we 
täzeden tagta geçip, fatymylaryň adyndan döwleti 
dolandyrmaga başlady. Ýöne köp wagt geçmänkä, bu 
ýerde garaşsyzlygyny yglan etdi we ýene-de öňküsi 
ýaly ýol urup sebitdäki halkyň mal-mülklerini olja 
almaga 
we 
talamaga 
başlady. Ryzwan bolsa 
batynylaryň baştutany Abu Tahyr bilen gatnaşyk 
gurap, Ibn Mülabini Efamiýe galasynda öldürmegi 
başardy. Şeýlelikde, gala täzeden Halap Seljukly 
häkimiýeti golastyna alyndy (1106-njy ýylyň Baýdak 
aýy). Ýöne galadaky batynylaryň arasynda dörän 
düşünişmezlikden peýdalanan Tankred, haçparaz 
güýçleri bilen Efamiýä tarap ýöriş etse-de, şowsuzlyga 
uçrady. Munuň bilen birlikde Ibn Mülabiniň 
Efamiýeden gaçmagy başaran ogly Musbih, Antakyýa 


154 
baryp, Tankrede sygyndy we oňa «Efamiýäni eýeläp 
bilse, ol ýerde dikmesi hökmünde häkimiýeti elde 
saklajakdygyny» aýtdy. Tankred derrew ýörişe çykyp, 
Efamiýäni gabady. Galada azyk ýetmezçiligi sebäpli, 
goragçylar aman dilemäge mejbur boldular. Galadaky 
batynylaryň köp bölegi öldürildi. Meşhur Efamiýe 
galasy haçparazlaryň eline geçdi (1106-njy ýylyň 
Ruhnama aýy). 
Beýik Seljukly döwletine tabyn Ryzwanyň 
batynylar bilen gatnaşykdadygy barada habar alan 
soltan Muhammet Tapar oňa batynylar bilen gatnaşygy 
kesmegini buýurdy. Ryzwan bolsa, batynylaryň köp 
bölegini Halapdan çykaryp, gatnaşygy kesdi (1107-
1108-nji ýyllar). 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling