127
döwletde biynjalyklyk döredýän Halap serdary Mijenni
lakamly Berekedi zyýansyzlandyrmagy ýüregine
düwdi. Bereket alamançylykda ýörkä, öňki Halap
Seljukly walysy Akşuňkar onuň gözsüzbatyrlygy,
gaýduwsyzlygy şeýle hem alamançylara beletligi üçin
olara garşy göreşip biljekdigine ynanyp, Halaba serdar
belläpdi. Hakykatdan hem Bereket bu wezipäni
Akşuňkar we Tutuş döwründe başarjaňlyk bilen ýerine
ýetiripdir, ýöne welin Mälik Ryzwan döwründe weziri,
kazyny we beýleki döwlet adamlaryny gysyp,
olara
zorluk edipdir, hatda garakçylary, bulagaýlary,
başbozarlary ýanyna toplap, Halap Seljukly döwletini
eline almak üçin taýýarlyk görüp başlapdyr. Şol sebäpli
Mälik Ryzwan döwletiň ýokary wezipeli raýat we
harby adamlary bilen birleşip, Bereketi tutdurýar we
onuň, ýaranlarynyň kellesini kesdirýär (1098-nji ýylyň
ortalary). Şeýlelikde, köp wagtlap Halabyň we onuň
töwereginde dowam eden her dürli zulum, zorluk,
talaňçylyk, howp-hatar öýjügi — Bereket ýok edilýär,
ol ýerlerde asuda durmuş ýola goýulýar.