Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


ABAKOGLY ÝuSUBYŇ ÖLDÜRILMEGI


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet36/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

ABAKOGLY ÝuSUBYŇ ÖLDÜRILMEGI 


120 
Tutuşyň serkerdebaşylaryndan Abakogly Ýusup, 
öň belläp geçişimiz ýaly, Ýagysyýan bilen birleşip, 
Jenaheddöwle we Ryzwana garşy göreşýärdi. Hatda ol 
öz hereketlerinde has-da ileri gidip, Halap güýçleri 
bilen söweşe giren hem bolsa, ýeňiş gazanyp bilmedi. 
Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, Ýusup Ýagysyýan 
bilen ylalaşyp, Ryzwana hat üsti bilen ýüzlenip, 
«Halaba gelip onuň golastyna girmek isleginiň 
bardygyny» ýaňzytdy. Ol bu isleginiň kabul edilmegi 
bilen Halaba gelip ýerleşdi we oňa Menbij we Buzaga 
galalary ykta berildi. Emma aradan köp wagt 
geçmänkä, Ýusup ýene-de Ryzwanyň garşysyna 
Ýagysyýan bilen assyrynlykda hat alyşdy. Bu 
dildüwşügi ýüze çykarmagyň hötdesinden gelen 
Halabyň goragçylarynyň serkerdebaşysy Bereket bu 
ýagdaýy derrew Ryzwana we weziri Jenaheddöwlä 
habar berdi hem-de ony ýok etmek üçin rugsat aldy. 
Şeýlelikde, Bereket bir topar nökerini ýanyna alyp, 
Ýusubyň öýüne çozup, ony tutdy we onuň kellesini 
kesdi. Onuň öýüni Berekediň nökerleri talap, ähli 
zadyny aldylar. Ýusubyň ýaranlarynyň ençemesiniň 
ykbaly onuňky ýaly boldy. Mundan başga-da onuň 
dogany Ýakubyň ähli baýlygyny elinden aldylar. Şol 
sebäpli doganlaryň pikirdeşleri janlaryna howp 
abanýandygyny duýup, dessine şäherden çykyp 
gitdiler. Şeýle etmek bilen Abakogullary meselesini 
çözen Mälik Ryzwan weziri Jenaheddöwle bilen 
özlerine duşmançylyk edýän Antakyýa walysy Ýagy-
syýanyň golastyndaky Telbeşir we Şeýheddeýr 


121 
galalaryny onuň naýyplaryndan kabul etdiler hem-de 
Antakyýa töwereklerine bardylar.
DAMASKA IKINJI ÝÖRIŞ
Bu netijeli ýörişinden soň, Ryzwan dogany 
Dukagyň Damask Seljukly döwletini ýykmak maksady 
bilen ýörişe taýýarlyk görüp başlady. Onuň bu harby 
taýýarlygyny ýakyndan synlaýan Ýagysyýan derrew 
Damaska gidip, ýagdaýy Dukaga habar berip, «eger 
Ryzwan hüjüm etse kömek berjekdigi» hakynda söz 
berdi. Ryzwan bolsa örän uly goşun bilen weziri 
Jenaheddöwläni ýanyna alyp ýöriş etdi. Ýöne ol 
Ýagysyýanyň Dukagyň ýanyndadygyna we şäher 
diwarlarynyň örän berkdigine göz ýetirip şäheri 
gabamaga gaýraty çatmady. Şeýle hem Ryzwan 
fatymylar tarapyndan eýelenen Iýerusalime ençeme 
harby ýöriş guran hem bolsa, netije gazanyp bilmedi 
we Halaba gaýtdy. Şol wagtlar ol Damask Seljukly 
topraklarynyň käbir ýerlerini talady. Onuň hereketlerini 
ýakyndan synlaýan Dukagyň Atabegi Tugteginiň we 
Ýagysyýanyň harby herekete başlamagy sebäpli 
Ryzwan we weziri Jenaheddöwle Damask goşuny bilen 
çaknyşmakdan el çekip, Halaba gaýtmaga mejbur 
boldy (1096-1097-nji ýyllar, Türkmenbaşy-Baýdak 
aýlary). Şeýlelikde, Ryzwanyň Siriýa tutuşlygyna 
häkim bolmak niýeti bu gezek hem amala aşmady.


122 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling