117
şäher Toros Ermeni tarapyndan dolandyrylýardy. Bu
türkmen serdarynyň çakylygy boýunça herekete geçen
Ryzwan Torosyň örän güýçli garşylyk görkezmegine
garamazdan, Urfany eýeledi (1095-nji ýyl), Içki galany
Ýagysyýan Ryzwandan diläp özüne aldy we abatlaýyş
işlerini
geçirdi.
Şeýlelikde,
Günorta-Gündogar
Anadolynyň esasy berkitmelerinden
biri bolan Urfa
ýaňadan Halap seljuk döwletiniň golastyna girdi.
SELJUK EMIRLERINIŇ ARASYNDAKY
DÜŞÜNIŞMEZLIK
Urfa alnandan soň, Mälik Ryzwanyň ýanyndaky
emirleriň arasynda dartgynlylyk we düşünişmezlik
ýüze çykdy. Antakyýa walysy Ýagysyýan, emir Ýusup
we Abulkasym bilen bile Halaba gitmän Antakyýa
çekilýärler. Emir Jenaheddöwle Ýagysyýanyň bu
kitüwli hereketi we özüni alyp barşy sebäpli Ryzwanyň
makullamagy bilen oňa degişli Magarratun-Nugmana
ýöriş edip, Ýagysyýanyň oglunyň elindäki şäheri basyp
aldy
(1096-njy
ýylyň
ortalary).
Şeýlelikde,
Ýagysyýanyň häkimiýet çäkleri daralyp,
Halap seljuk
döwletine garşy eden şübheli hereketleriniň öňi alyndy.
Do'stlaringiz bilan baham: