Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
VI BÖLÜM
HALAP SELJUK DÖWLETI. MÄLIK RYZWANYŇ DÖWRI Siriýa we Palestina seljuk döwletiniň hökümdary Tutuş Reý söweşinde ýeňlip, wepat bolandan soň, ogullaryndan ne Ryzwan, ne-de Dukak onuň yzyny ýöredip bilipdir, olaryň biri Halapda, beýlekisi bolsa Damaskda Beýik seljuk döwletine tabyn iki sany kiçiräk döwlet görnüşinde dowam edipdir. Häzir biz Halap döwletini derňäliň. Täjeddöwle Tutuş Beýik Seljuk soltanlyk tagtyna dalaş edip, Damaskdan gaýdan wagty ogly Fahrylmülk Ryzwany, Artykogly Ilgazy käbir arap emirleri bilen bile özüniň naýyby hökmünde Damaskda goýdy we olara «Iki ogly Ryzwan we Dukaka boýun egmelerini» tabşyrdy. Öň belläp geçişimiz ýaly, Tutuş Hemedandaka, Reý söweşine girişmänkä, ogly Ryzwana Siriýadaky ähli goşuny alyp gelmegini tabşyrypdy. Ryzwan Ilgazy we käbir arap emirleri bilen bile Damaskdan Halaba geldi we ol ýerdäki öňki şäher walysy Akşuňkara degişli esgerleri hem 115 ýanlaryna alyp, kakasyna goşulmak üçin Rahbanyň üsti bilen Hemedana ugrady. Ýöne ol Fyrat derýasynyň kenaryna ýetende «kakasynyň Reý söweşinde wepat bolandygyny» eşidýär. Muňa örän gynanan Ryzwan Berkýarygyň ýoldaşlarynyň eline düşmeden gorkup goşunyň esasy bölegine garaşman ýyndam atlara münüp, bir bölek esgeri ýanyna alyp, gyssanmaç Halaba gelmegi başardy. Şol wagtlar Halapda kakasynyň naýyby bolup oturan köneürgençli Abulkasym ony dabara bilen garşylady we kakasynyň wesýet edişi ýaly şäheri we galany oňa tabşyrdy. Aradan salym geçmänkä, Ryzwan içki galadaky hökümdarlyk köşgüne ýerleşdi we hiç hili garşylyga duçar bolman kakasynyň ýerine Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň hökümdary bolýar. Şeýle ýagdaýda, Ryzwanyň golastyna geçen bu döwlet Beýik seljuk döwletiniň soltany Berkýaryga tabynlykda dolandyrylýar. Reý söweşinden sag-aman sypan dogany Dukak, Jenaheddöwle Hüseýin, Antakyýa walysy Ýagysyýan we emir Abak hem Urfanyň üsti bilen Halaba gelip, Ryzwanyň hyzmatyna girýärler. Köp ýyllap Ryzwanyň atabegi bolan, şeýle hem ejesine öýlenip, döwlet dolandyrmakda täsiri ýokarlanan Jenaheddöwle Hüseýin şähere we onuň içki galasyna entegem doly hökümini ýöredýän we bu ýerdäki ähli Seljuk maşgalalaryna myhman hökmünde garaýan wezir Abulkasymy Ryzwan bilen birleşip zyndana taşlaýar. Entegem Halabyň metjitlerindäki hutbalarda aýdylýan «Tutuş» ady aýrylyp, onuň ýerine Ryzwanyň 116 ady aýdylmaga başlaýar. Şeýlelikde, Ryzwan kakasy aradan çykandan soň, gadymy türkmen töresine laýyklykda, uly ogul hökmünde kakasynyň ýerine tagta geçýär. Abulkasymdan soň wezirlik wezipesine Ýagysyýanyň garşy bolmagyna garamazdan, Jenaheddöwle Hüseýin geçýär (1095-nji ýylyň Gurbansoltan-Magtymguly aýlary). Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling