Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
TUTUŞYŇ TARYHY ŞAHSYÝETI
Entek ýigitkä, Genjäniň walysy wezipesini ýerine ýetirýärkä, agasy soltan Mälik şa tarapyndan seljuk basybalyşlaryny tamamlamak üçin Siriýa we Palestina 111 iberilen Tutuş bütin ömründe yzygiderli göreşde gaýnapdyr. Dönükligi we ýalňyşlygy hiç haçan bagyşlamandygyny, örän gazaply häsiýetlidigini dürli wakalarda özüni alyp barşyndan aňsatlyk bilen aňmak bolýar. Demirgazyk Siriýada harby hereketlere başlanda ençeme türkmen begi bilen bile seljuk dikmesi Mosul emiri Müslimiň milletçi syýasat alyp barandygy sebäpli ony ýanyndan kowmak bilen görkezen özdiýenliligi onuň ýaşka hem örän güýçli şahsyýet bolandygyna şaýatlyk edýär. Tutuş Yrakda, Siriýada we Palestinada arap hökümetini gurmak üçin Müslimiň soňky eden synanyşygyny, onuň ikiýüzlülik bilen alyp baran syýasatyny gözünden sypdyrmandyr we onuň bilen mydama söweş ýagdaýynda bolupdyr. Ikinji gezekki Demirgazyk Siriýa hereketi döwründe fatymy goşuny tarapyndan Damaskda gabawa düşen emir Atsyzyň kömege çagyrmagy bilen Tutuşyň Siriýadaky we Palestinadaky ikinji döwri başlanýar. Damaska gelende fatymy goşunynyň gabawy taşlap çekilmelerinden soň, Atsyz bilen doganynyň biýedeplik etmeleri sebäpli, olary gazaply darap öldürtmegi, şeýle hem Akşuňkaryň ýanyndaky söweşde ýesir alnan on dört sany serkerdebaşyny hem ýene-de şol şekilde jezalandyrmagy, hakykatdan hem onuň örän gazaply we bagyşlamaýan häsiýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Demirgazyk Siriýada höküm sürmek üçin Tutuş bilen Müslimiň arasyndaky bäsdeşlik alawlaýarka, 112 Anadolyny boýun egdiriji Süleýmanşanyň hem çakylykdan soň, Antakyýa gelip ol ýerleri eýelemegi, şeýlelikde, onuň Halabyň gapysyna gelmegi, gürrüňi edilýän bäsdeşligi has-da dartgynlaşdyrdy. Ýöne ahyrsoňunda Süleýmanşanyň häkimiýet çäklerini ykrar etmeýän Müslimi ýok etmegi bilen Tutuş-Süleýmanşa syýasy bäsdeşligi başlady. Emma bu bäsdeşlik, öňden bäri Süleýmanşa bilen örän jet bolan meşhur türkmen emiri Artyk begiň täsiri bilen bolup geçen söweşde Süleýmanşanyň wepat bolmagy netijesinde aradan aýryldy we Tutuş köp wagt geçmänkä, Halaba ýeke özi hökümdar boldy. Tutuşyň bu hereketlerinde özbaşdak bir döwlet gurmak üçin synanyşyk bar ýaly görünýän bolsa-da, ol bu niýetini hiç haçan ýüze çykarmandyr, tersine soltan Mälik şa Demirgazyk Siriýadaky galagoplylygy ýatyrmak üçin Halaba gelende ýanyndaky Artyk begiň «ýadaw goşuna hüjüm edeli» diýen maslahatyny almandyr. Mundan başga-da Tutuşyň Müslimiň tagallalary bilen döremäge başlan Beýik seljuk şadöwletine garşy — şaýy Müsür Fatymy halypalygyna bagly Tutuş Artyk bilen Müslimiň bileleşigine hem üns bermändir. Sözümiziň ahyrynda onuň soltan Mälik şanyň ikinji Bagdat sapary döwründe onuň huzuryna gelip tagzym etmek üçin Damaskdan gaýtmagy özüni onuň dikmesi hasap edendigini aç-açan görkezýär. Şeýlelikde, Tutuş soltan Mälik şa ölýänçä özbaşdaklyk almak üçin hereket etmändigini doly aýtmak bolýar. 113 Beýik soltan Mälik şa aradan çykandan soň, boşan soltanlyk tagty üçin göreşde hem ýanyndaky emirlere hem-de golastyndaky käbir şäherdir galalaryň halkyny gazaply daramagy, käbir halatlarda Tutuşyň edýän hereketi adalatly bolsa-da, bu ugurdaky şowsuzlygyň iň esasy sebäbidir. Ol mert we batyr şahsyýet bolsa-da, syýasy taýdan gömükdi. Akşuňkara we Bozana garşy tutumy, Mosul Ukaýlogullary maşgalasyna örän gazaply hereketleri, Reý emiri Ahur tabyn bolup boýun egenden soň hem gaçyp gitmegi we ahyrsoňunda Yspyhandaky şadöwletiň ýaragly güýçleriniň serkerdebaşy emirler bilen bolan gatnaşyklary onuň düşen ýagdaýyny aç-açan görkezýär. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling