Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


AKSUNKARYŇ WE BOZANYŇ ÝoK EDILMEGI


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet29/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

AKSUNKARYŇ WE BOZANYŇ ÝoK EDILMEGI 
Ähli goşunlary bilen soltanlyk tagtyna dalaş edýän 
Berkýarygyň tarapyna geçen Akşuňkar we Bozan Urfa 
we Halaba gelip walylyklaryny dowam etdiler; 
şeýlelikde, Tutuş bilen Berkýarygyň arasynda Tutuşa 
garşy harby güýç emele geldi. Beýleki bir tarapdan 
Damaskda Berkýaryk bilen göreşmek üçin täzeden 
harby taýýarlyk işini alyp barýan Tutuş, Akşuňkaryň 
we Bozanyň Berkýarygyň walysy hökmünde Urfa we 
Halaba 
gaýdandyklary habaryny alan badyna 
Ýagysyýan bilen bile derrew Halaba tarap ýola düşdi. 
Muny eşiden Akşuňkar, şol wagtlar Bagdatda ýören we 
ol ýerde öz adyna Soltanlyk hutbasyny okadýan 


100 
Berkýarykdan Tutuşyň garşysyna gyssanmaç kömek 
sorady. Berkýaryk bolsa Urfa walysy Bozan bilen
ýanyndaky emirlerden Gürbuga we Rakka emiri 
Abakogly Ýusuba «derrew Halaba Akşuňkara kömege 
gitmeklerini» buýurdy. Bu emirler goşunlary bilen 
gysga wagtda Halaba baryp Akşuňkaryň goşun 
hatarlarynda ýer aldylar. Akşuňkaryň ähli hereketini 
synlaýan, aýratynam özüne garşy Halapda uly goşunyň 
toplanandygyny eşiden Tutuş, Halabyň günorta we 
gündogar taraplaryny aýlanyp, şähere ýakynlaşdy. Bir 
wagtdan 
soň 
Tutuş 
bilen 
Ýagysyýanyň 
serkerdeligindäki goşun Akşuňkar, Bozan, Gürbuga, 
Ýusup 
we 
käbir 
beýleki 
arap 
emirleriniň 
serkerdeliginde, aralarynda Horasanyň arap esgerleri 
bilen 1094-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Halabyň 
ýakynlarynda ýerleşýän Sebin obasynyň golaýynda 
ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne Akşuňkar ýanyndaky beýleki 
emirlere garaşman haýdan-haý Tutuşyň üstüne hüjüm 
etdi. Şol pursatda emir Ýusup goşuny bilen Tutuşyň 
tarapyna geçýär. Bu ýagdaý Akşuňkary örän gowşatdy, 
şeýle hem araplar sowuk-sala söweşýärdi. Bozan we 
Gürbuga ýaly tejribeli emirleriniň kömeginden kesilip 
söweşe giren Akşuňkar aýratynam emir Ýusubyň 
aýrylmagy, arap esgerleriniň hem söweşden gaça 
durmalary sebäpli, Tutuşyň üstüne hüjüm edende 
şowsuzlyga uçrady. Ony gözünden sypdyrman synlap 
duran Tutuş wagt ýitirmän dessine garşylyklaýyn 
hüjüme geçdi. Halap taryhçysy Kemaleddin Ibn 


101 
Adimiň aýdyşy ýaly «dem salym hem garşylyk 
görkezip bilmedik» Akşuňkaryň goşuny göz-açyp 
ýumasy salymda dargady. Muňa gahary gelen 
Akşuňkar goşunynyň pytrap gaçandygyna garamazdan, 
söweşmegini dowam etdirdi we ýesir düşdi. Tutuş 
ýanyna alnyp gelnen Akşuňkara «Sen meni şeýdip 
ýesir alan bolsaň näderdiň?» diýende, ol «Öldürerdim» 
diýýär. Tutuş, «Men hem saňa, seniň maňa berjek 
jezaňy berýärin» diýdi we şol pursatda onuň kellesini 
kesdirdi. Akşuňkaryň kellesi ilki walylyk eden 
şäherine-Halaba, soňra bolsa Damaska iberilip halka 
görkezilýär.
Soltan Mälik şa döwrüniň meşhur emirlerinden 
bolan, 
Mosul 
we 
Siriýa 
Atabegleri, 
Zeňňi 
maşgalasynyň nesilbaşysy Abdylla Ilturganogly 
Kasymeddöwle Akşuňkar, ähli çeşmelerde beýan 
edilişi ýaly Halapda waly bolanda öwgä mynasyp 
peýdaly işleri amala aşyrypdyr. Jesedi Halapdaky 
Karanbiýa aramgähiniň günbatarynda ýerleşýän kiçiräk 
bir gümmeze meňzeş guburda jaýlapdyrlar, soňra onuň 
ogly 
Ymameddin 
Zeňňi Halapdaky Züjjajiýe 
medresesinde ýörite gubur ýasadyp ol ýere göçürdýär.
Akşuňkaryň ýanyndan söweşi taşlap gaçan Bozan 
we Gürbuga Halaba geldiler we ol ýerde söweşe 
taýýarlyk görmäge başladylar we ýagdaýy derrew 
Berkýaryga habar berdiler. Aradan köp wagt 
geçmänkä, aragatnaşyk kepderiniň aýagyna daňylyp 
iberilen jogapda «Olara Halaby goramak üçin kömek 


102 
iberendigi» aýdylypdyr. Ýöne Tutuş okdurylyp gelip 
Halaby örän gazaply gabapdyr. Garşylyk görkezmegi 
netijesiz hasap eden esgerleriň bir topary şäheriň 
derwezeleriniň birini açyp, Tutuşyň goşunlarynyň içeri 
girmeklerine sebäp boldular. Şeýlelikde, Tutuş Halaby 
ýene-de golastyna aldy (1094-nji ýylyň Magtymguly 
aýy). Şol wagtlar ýesir alnan Bozan derrew öldürilýär, 
Gürbuga bolsa zyndana taşlanýar. 
Şunlukda, 
garşydaşlaryny ýok etmegi başaran Tutuş soltanlyk 
ugrundaky göreşini dowam etdirmek üçin hereket edip 
başlaýar we Ýewfraty geçip, Urfada, Diýarbekirde, 
Gündogar we Günorta-Gündogar Anadolyda ýenede 
hökmürowanlygyny dikeldýär.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling