Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


DUKAGYŇ GARŞYLYKLAÝYN HÜJÜME


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

DUKAGYŇ GARŞYLYKLAÝYN HÜJÜME 
GEÇMEGI 
Mälik Ryzwan öň kakasynyň garamagynda bolan 
Siriýany, Palestinany we ol döwlete degişli topraklary 
golastyna almak üçin Damaska eden iki ýörişine jogap 
edip, Dukak hem Halaba garşy ýörişe başlady. Şol 
wagtlar Ryzwan hem Ýagysyýana garşy özüne goşulan 
Sökmen we weziri Jenaheddöwle bilen bile aýgytly 
söweşe taýýarlyk görýärdi. Dukak köpsanly goşunyň 
öňüni çekip, ýanyna Tugtegini, Ýagysyýany we 
döwletiň ýokary wezipeli adamlaryny alyp Halap 
Seljukly döwletiniň topraklaryna gitdi. Ryzwan hem 
uly 
goşunyň 
öňüne 
düşüp, 
ýanyna 
weziri 
Jenaheddöwle bilen Sökmeni alyp olaryň öňünden 
çykmak üçin ugrady. Ol Kynnasrenda, Kywaýk 
çaýynyň kenarynda, Dukagyň karargähiniň garşysynda 
karargähini dikip söweşe taýýar bolup durdy. Şol 
döwürde Dukagyň goşun saplarynda ýer alan 
Ýagysyýan Ryzwanyň ýanynda orun alan Sökmene: 
«Eý süýtçi (türkmenlere süýtden ýag, peýnir we ş.m. 
edendikleri üçin şeýle diýýär ekenler), bu iki hökümdar 
öz hökmürowanlygy üçin söweşýärler, sen näme üçin 
olaryň arasyna girýärsiň?» şekilinde degna degiji 
sözleri aýdanda, Sökmen hem «Munuň sebäbini ertir 
görüp düşünersiň» diýip jogap beripdir. Hakykatdan 
hem ertesi gün (1097-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-
sine) iki tarap garpyşýar we bu söweşde Sökmeniň 
aýratyn gahrymançylyk görkezmegi netijesinde 


123 
Dukagyň goşunlary doly ýeňlişe sezewar bolýar we 
onuň ähli emlägi talanýar. Dukagyň özi goşunynyň 
galan-gaçanlaryny alyp Damaska çekilýär, Ýagysyýan 
bolsa hupbat baryny çekip, zordan Antakyýa barýar. 
Meşhur arap taryhçysy Ibn Esiriň berýän maglumat-
laryna görä, Dukak Ryzwanyň tabynlygyna girip, onuň 
adyna Damaskda we onuň töwereklerinde hutba 
okatmaga mejbur bolupdyr. Şunlukda, Ryzwanyň 
Damasky öz golastyna geçirmek arzuwy hasyl boldy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling