Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
VII BÖLÜM
HAÇPARAZLARYŇ ORTA GÜNDOGARA KÜRSÄP GIRMEKLERI WE HALAP SELJUKLY DÖWLETI Orta gündogardaky musulman dünýäsiniň mezhep we häkimiýet çaknyşyklary döwründe bu ýere ilkinji haçparaz ýörişi başlanýar. Siriýa we Palestina döwletiniň taryhy bilen gönüden-göni gatnaşygynyň bolandygy sebäpli haçparazlaryň ýörişi we onuň netijeleri barada kitabyň soňky bölümlerinde çuňňur durup geçmek zerurdyr. XI asyryň ahyrlarynda Günbatar Ýewropada, esasan hem Watikan kilisesiniň ýolbaşçylyk etmekliginde, ilki Isa pygamberiň dünýä inen şäheri Iýerusalimi musulmanlaryň (türkmenleriň) elinden gaýtaryp almak üçin hereket etmäge bireýýäm wagtyň ýetendigi we muny Ýewropa hristian dünýäsiniň irde- giçde gutulgysyz amala aşyrmagynyň zerur boljakdygy barada pikirler boldy. Haçparazlar ýörişi diýlip atlandyrylan bu uly hereketiň düýp sebäbi dini göreş 129 bolmak bilen bir hatarda, musulman dini döränden başlap hristiançylygyň ýany bilen köpçülikleýin ýaýrapdy, musulman dini hristiançylygyň çäklerini daraldýardy, şeýle-de maddy serhetleri Gündogar we Günbatar tarapa giňelýärdi. Malazgirt söweşinden (1071-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 27-si) soňra seljuklylaryň Wizantiýanyň tabynlygyndaky Anadolyny, Siriýanyň we Palestinanyň käbir ýerlerini eýeläp, ol ülkelerde aýry-aýry döwlet gurupdylar. Izmir we onuň töwereginde türkmen begligini esaslandyran Çaka begiň Rumili tarapyndan Wizantiýa aýgytly howp salýan garyndaşlary peçenekler bilen birleşmäge ymtylyşlary, Günbatar Ýewropada kowumlaryň göçhä- göçlügi, çuňňur ykdysady pese düşüşligiň öňüni almaklyk ýaly ençeme sebäpler bu ýörişi taýýarlamagy çaltlandyrdy. Papa Urban II 1095-nji ýylyň Sanjar aýynyň 18- 28-i aralygynda Klermatda Günbatar Ýewropanyň 300 sany öňdebaryjy dini adamlarynyň gatnaşan ýygnagynda (Konsil) haçparaz ýörişine haýal- ýagallyga ýol bermän taýýarlanmak barada karar çykaryldy. Soňra oba-oba aýlanylyp, hyjuwly, joş- gunly, göçgünli wagyz-nesihatlar geçirilip, ilkinji haçparaz ýörişi gurnaldy. Papanyň dini wagyz- nesihatynyň täsiri netijesinde 1096-njy ýylda Piýer Ermaýtyň, Walter Breteýliň, Fulk Ourlensiň, Gýugo Týubengeniň, Walter Tekiň, Elber Zimmeriň serkerdeliginde fransuz, nemes we italýan 130 milletlerinden başly-barat toplanan düzgün-nyzamsyz ägirt uly goşun Wengeriýanyň, Belgradyň, Nişiň, Sofiýanyň, Filibäniň we Edirnäniň üsti bilen Stambula geldiler. Olary Wizantiýa imperatory Aleksios Komnenos kynlyk bilen Anadoly tarapyna geçirdi (1096-njy ýylyň Alp Arslan aýy). Mermer deňziniň kenaryna ýaýrap, ol ýerlerde hristian diýmän, musulman diýmän talaňçylyk we gyrgynçylyk edip, Iznige baran haçparazlara garşy şol döwürde Türkiýe Seljukly soltany Gylyç Arslan I dogany Dawut Arslanyň serkerdebaşylygynda goşun iberýär. Türkmenler olary dag geçelgelerinde, jülgelerde bukudan hüjüm edip, köpçülikleýin gyrdylar, bir bölegini ýesir aldylar (1096-njy ýylyň Ruhnama aýy). Haçparazlaryň diri galanlary bolsa Stambula gaçyp bardylar. Söweş usullaryndan we tilsimlerinden bihabar ýygyndan düzülen ilkinji haçparazlar ýörişiniň dargap gitmegi netijesinde, Ýewropada esasan şazadalardan we begzadalardan (gersoglardan) diş- dyrnaklaryna çenli ýaraglanan, demirdonly esgerlerden düzülen täze goşuny alyp, ýörişe çykmalydygyna düşündiler. Bu haçly ýörişe serkerdebaşylyk eden şazadadyr begzadalar (gersoglar) şulardyr: 1. Wermandios begzadasy Nýuges, Normandiýa grafy Robert we onuň ýegeni Flandr grafy Robert II; 2. Aşaky Loren begzadasy Gudefroý Bowillon we onuň doganlary Eustaýk III, Bawudan Haýnaut II we olara goşulan ençeme garyndaşlary; 131 3. Toronto häkimi Bohemund, dogany Roger, ýegeni Tankred, doganoglan agasy Sisiliýa patyşasy Roger we garyndaşlary; 4. Toulousyň grafy Raýmond Saýam Gilles IV, Papa Urban II wekili Adhemor, graf Rambaud de Oranže, Gaston de Bearn, Gerard de Russoliollan, Raýmond du Forez we beýlekiler. Düzgün-nyzamly we örän taýýarlykly goşun harby sungaty düýpli öwrenen jigitlerden (şowalýelerden) düzülipdi. Jigitler (şowalýeler) ýaşlykdan söweş tärlerini gowy öwrenip, sowut we beýleki agyr ýaraglary dakynyp, atly goşunyň hatarynda söweşýärdiler. Ynha, şeýle taýýarlykly esgerlerden düzülen goşunlar, ýokarda atlary agzalan serkerdeleriň ýolbaşçylygynda 1096-njy ýylyň ahyrlarynda dört ugurdan herekete geçdiler. 1. Demirgazyk Fransiýa tarapyndan Wermandois begzadasy Robertiň ýolbaşçylygynda beýleki goşunlar Italiýanyň, Dalmaçýanyň we Epiriň üsti bilen Stambula barmalydylar. 2. Godefroi de Bouillon, dogany Baudouin II, Huges de Saint Paul we başgalaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler demirgazyk Fransiýadan herekete girip, Germaniýa, Dunaý derýasynyň boýundan we Balkanlaryň üstünden Stambula barmalydylar. 3. Bohemund we Tankrediň ýolbaşçylygyndaky günorta Italiýadaky normanlardan düzülen güýçler Adriatik deňzinden gämiler bilen Epire, ol ýerden-de 132 gury ýollaryň üsti bilen Trakýa we Stambula barmalydylar. Stambula ilki bilen begzada Huguýes geldi. Onuň bilen bile ýörişe goşulan esgerleriň köpüsi ýolda öldüler. Wizantiýa imperatory Aleksios Komnenos fransuz begzadasyny dabaraly garşylady. Imperatoryň islegi bilen begzada oňa wepalylyk antyny içdi. Ikinji bolup Godefroi geldi. Haçparazlar goşuny bir hepde Siliwrede ýaşan döwründe talaňçylyk edip, soňra Stambula gelip, galanyň düýbünde düşlediler. Imperator bilen aralarynda çykan düşünişmezlik soňra çözüldi we Stambula gelip, imperatora wepalylyk an- tyny içdiler (1097-nji ýylyň Türkmenbaşy aýy). Şol ýylda iki begazada bilen gelen haçparaz goşunlary Wizantiýanyň gämileri bilen Anadola geçdiler. Mundan soň Bohemund, Flandr grafy Robert, Tulus grafy Raýmond we soňra Normandiýa begzadasy Robert Stambula geldi. Haçparazlaryň goşunynyň ählisi Anadolynyň kenar ýakalaryna geçirilenden soň, 1097-nji ýylyň Magtymguly aýynyň başlarynda Türkiýe Seljukly döwletiniň paýtagty Iznigiň golaýyna gelip, şäheri gabadylar. Şäheriň örän berk galalary bardy. Demirgazykdan Bohemund, gündogardan Godefroi we german esgerleri, soňra Tulus grafy Raýmond esgerleri bilen gabawa goşuldy. Şol wagtlar Seljukly soltany Gylyç Arslan I Malatyýany almak ugrunda söweşip ýördi. Özlerinden birnäçe esse güýçli goşun tarapyndan gabalan seljuklylaryň goşunbaşysy 133 şeýle şertlerde söweşmegiň mümkin däldigi üçin haçparazlar bilen däl-de, Wizantiýanyň goşunbaşysy Butmites bilen Iznigi goýup gitmek barada gepleşikleri geçirmäge mejbur boldy. Ýöne Soltan Gylyç Arslanyň goşuny bilen Iznigiň ýakynlaryna gelendigi baradaky habary alanlarynda türkmen güýçleri goranyşdan hüjüme geçip, wizantiýalylary yza çekilmäge mejbur etdiler. Ahyrsoňunda Gylyç Arslan I köp sanly haçparazlar goşuny bilen Iznigiň öňündäki düzlükde mertlerçe söweşse-de, meýdan söweşini etmekden çekindi. Şäher 1097-nji ýylyň Oguz aýynyň 19-ynda baglaşylan ylalaşyga görä, wizantiýalylara berildi. Imperator Aleksios seljuklylaryň taşlap giden hazynasyny haçparazlaryň serkerdelerine berdi, ýöne şäheri talamaklaryna rugsat bermedi. Şeýlelikde, seljuklylaryň paýtagty Iznik Wizantiýanyň golastyna geçdi. Bu ilkinji üstünlikden soňra haçparazlara Anadolynyň ýollary giňden açyldy. Olar bäş hepdede Iýerusalimi basyp alarys diýip pikir edýärler. Haçparazlar 1097-nji ýylyň Oguz aýynyň 27-sine Iznikden Eskişähere tarap ýola düşdüler. Eskişähere çenli hiç hili garşylyk görmän, şäheriň daşyndaky sährada soltan Gylyç Arslanyň ýolbaşçylygyndaky seljukly goşunyň hüjümine duçar boldular. Öňden barýan Bohemundyň norman esgerleri seljukly atlylaryň yzygiderli çozuşlaryndan kynlyk bilen goranýardylar, ýöne yzlaryndan ýetip gelen naýzaly haçparaz esgerleri seljukly goşunynyň yza çekilmegine 134 getirdi (1097-nji ýylyň Oguz aýy). Çünki seljukly goşunlary haçparazlar ýaly demir donly we uzyn naýzalar bilen üpjün däldiler. Ikinji üstünlikden soň haçparazlar Konýanyň üsti bilen Çukuroba tarap ýörişlerini dowam etdirdiler. Türkmen güýçleri tara- pyndan olara känbir garşylyk görkezilenokdy, diňe daglyk ýerlere çekilen seljukly goşunlary, aram-aram çapawulçylykly hereketler edýärdiler. Haçparazlar Çukuroba gelenlerinde bu ýerdäki ermeniler olara uly kömek etdiler. Godefroi de Bouillonyň dogany Baudouin esasy haçparazlar goşunyndan aýrylyp, Ermeni Torosyň elindäki Urfany basyp aldy we Orta Gündogarda ilkinji haçparazlar döwletiniň — Urfa graflygynyň düýbüni tutdy (1098 ýylyň Nowruz aýy). Beýleki tarapdan bolsa haçparazlar toparyna degişli güýçler ýuwaş-ýuwaş ilerläp, Beýik Seljukly şadöwletiniň dikmesi Ýagysyýanyň häkimiýetindäki Antakyýany-da seljukly goşunlarynyň gijä galandygy sebäpli basyp aldylar (1098-nji ýylyň Oguz aýy). Şeýlelikde, haçparazlaryň serkerdeleri hasap edilýän Bohemund demirgazyk Siriýanyň iň möhüm galalaryň biri Antakyýada ikinji haçparaz döwletini – Antakyýa şazadalygyny gurdy. Haçparazlar Antakyýany eýelänlerinden soň, Iýerusalime tarap ýörişe başladylar. Bu maksat bilen Raýmond, Godefroi, Tankred, Flandr grafy Robert we Normandiýa grafy Robert Halaba tabyn Artah galasyny gabasalar-da, almagy başarmadylar. Antakyýa şazadasynyň maslaha- 135 tyna eýerip, haçparazlar Ortaýer deňziniň kenary bilen günorta, Iýerusalime ýöriş etdiler. 1099-njy ýylyň Oguz aýynyň 3-üne Iýerusalimiň golaýyndaky Remle şäheri basyp alyndy. Olar Iýerusalime takmynan 50 km ýakynlaşdylar. Iýerusalim Müsür Fatymy döwletiniň golastyndady. Şäheriň häkimi 1096-njy ýylyň Gorkut- Alp Arslan aýlarynda wezir Efdal tarapyndan belle- nilen Iftihareddöwledi. Haçparaz güýçleri 1099-njy ýylyň Gorkut aýynyň 13-üne hüjüme geçdiler. Iki günläp dowam eden gazaply urşuň soňunda fatymylar şäheri haçparazlara bermäge mejbur boldular (1099-njy ýylyň Gorkut aýynyň 15-i). Maksatlary myrat tapan haçparazlar öz wagtynda Hezreti Omaryň «Hiç bir hristian öldürilmesin» diýen şahsy buýrugynyň tersine, goragsyz erkek, aýal we çagalardan ybarat 40000 musulmany gylyçdan geçirdiler. Aslynda, bu olaryň hristianlyk ynançlaryna-da ters gelýärdi. Şeýlelikde, Iýerusalimde latyn döwletiniň ilkinji korollygy guruldy. Şäheriň dolandyryjysy edilip goýulan Godefroi şa adyny alman, Merkad-i Isanyň (Hezreti Isanyň mazarynyň) goraýjysy ady bilen korollygyň hökümdary boldy. Umuman, birinji haçparazlar ýörişiniň ahyrynda, Gündogaryň syýasy ýagdaýy üýtgäp, Anadolynyň günbatary we günorta-günbatary seljuklardan alnyp, Urfada, Antakyýada we Iýerusalimde haçparaz döwlet- leri guruldy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling