Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
DAMASK SELJUK DÖWLETI BILEN
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- DAMASKA ÝÖRIŞ
- IÝERUSALIMIŇ ELDEN GIDERILMEGI
DAMASK SELJUK DÖWLETI BILEN
GATNAŞYKLARY Soňky bölümlerde üstünde giňişleýin durlup geçiljek Reý söweşinde kakasy Tutuşyň ýanynda ýer 118 alan Dukak kakasynyň emirleri bilen bile Halaba gelmegi başardy. Ol agasy Ryzwanyň ýanynda bir salym bolansoň, Tutuşyň naýyby hökmünde Damaskda bolan emir Sawteginiň çagyrmagy bilen assyrynlykda Damaska gitdi. Şunlukda, Dukak bu ýerde Siriýa we Palestina seljuklarynyň Damask şahasyny esaslandyrdy. DAMASKA ÝÖRIŞ Kakasynyň Siriýadaky we Palestinadaky hökümetine ýeke özi eýe çykmak isleýän Mälik Ryzwan doganynyň Damaskda aýry döwlet gurmagyna döwtalap däldi. Şol sebäpli ol Surranyň häkimi Artykogly Sökmen wezir Jenaheddöwle we emir Abak bilen bile Dukak şäherde ýok wagty Damaska ýöriş etdi (1096-njy ýyl). Köp wagt geçmänkä, wezir Muhammet, harby waly Bagtyýaryň we ýerli goragçylaryň serdary Abu Muhammediň ýolbaşçylygy tarapyndan goralan Damasky gaban Halap seljukly goşuny üstünlik gazanyp bilmedi. Üstesine-de Ryzwanyň bir hajybynyň manjanyk daşy degip ölmegi esgerlere ruhy taýdan erbet täsir etdi. Mundan başga-da Dukagyň ýörişden gaýdyp gelýändigini eşiden Ryzwan gabawy aýryp, Halaba çekilmäge mejbur boldy. Sökmen dogany Ilgazynyň Dukak tarapyndan tussag edilendigi sebäpli Iýerusalime gitmek üçin Ryzwandan aýryldy. 119 IÝERUSALIMIŇ ELDEN GIDERILMEGI Siriýa we Palestina seljukly hökümdary Tutuş tarapyndan waly wezipesine bellenilen Artyk beg aradan çykandan soň, Iýerusalimi onuň ogullary Sökmen we Ilgazy bilelikde dolandyrýardylar. Müsür fatymylary Siriýa we Palestina seljukly döwletiniň ikä bölünmegi we olaryň hökümdarlary Ryzwan bilen Dukagyň biri-birine bolan duşmançylygyndan peýda- lanyp, goşunbaşy Efdalyň ýolbaşçylygynda goşun iberip, Siriýa we Palestina seljukly döwletiniň çäklerine girýän Iýerusalim şäherini gabadylar. Şäheri Ilgazy we Sökmen az sanly goşun bilen gaýduwsyz goraýardy. Ýöne olara ne Ryzwandan, ne-de Dukakdan goldaw geldi. Fatymy goşuny 40 sany manjanyk işledip şäheriň diwarlaryny ýykmagy netijesinde şäheri goramak has-da agyrlaşýar we şol sebäpli Ilgazy bilen Sökmen şäheri fatymylara bermäge mejbur boldular (1038-nji ýylyň Alp Arslan aýy). Aradan köp wagt geçmänkä, Sökmen Halaba – Mälik Ryzwanyň, Ilgazy bolsa, agasynyň ogly Söýünç, Ýakuty we Artykly maşgalasy bilen Damaska – Dukagyň ýanyna geldiler. Şeýlelikde, 1071-nji ýyldan bäri Siriýa we Palestina seljukly döwletine degişli Palestinanyň örän ähmiýetli şäheri Iýerusalim ýene-de fatymylaryň eline geçdi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling