Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

TUTUŞYŇ ŞOWSUZLYKLARYNYŇ 
SEBÄPLERI 
 
Siriýa we Palestina seljuk döwletiniň hökümdary 
Täjeddöwle lakamly Tutuş dogany Mälik şa aradan 
çykansoň, soltanlyk tagty üçin üç ýyllap göreşdi. Şol 
döwürde Tutuş golastyndaky Siriýa we Palestina 
ülkelerinden başga-da Yrak, Gündogar we Günorta-
Gündogar Anadoly we Azerbaýjan ýaly ülkedir 


109 
welaýatlary eýeläp, Beýik Seljuk döwletiniň paýtagty 
Yspyhana ýakynlap gelendigine we soltanlyga ýetmäge 
bir gün wagta dirändigine garamazdan, tagty eýelemegi 
başarmady we bu ugurda başyny goýdy. Munuň esasy 
sebäpleri şu aşakdakylardyr.
1. Tutuş harby güýje eýe döwletiň meşhur we 
tejribeli iki emiri Akşuňkar bilen Bozana gazaply 
çemeleşipdir. Şol sebäpli iki emir ilkibaşda mejbury 
ýagdaýda gysga wagtlyk onuň ýanynda bolupdyrlar we 
ilkinji 
pursatda 
soltanlygyň beýleki dalaşgäri 
Berkýarygyň tarapyna geçip, özlerini edil azatlyga 
çykan ýaly alyp barypdyrlar. Şeýlelikde, Tutuş olaryň 
kömeginden we goldawyndan mahrum bolup, soltanlyk 
göreşine girişýär.
2. Tutuş güýç ulanyp ýa-da islegleri bilen 
golastyna alan şäherlerdir galalarynyň, ülkelerdir 
welaýatlarynyň halkyna käwagtlar örän gazaply 
darapdyr we şol sebäpli hem ol ýerleriň halkynda 
Tutuşa bolan ýigrenç döräpdir we ol ülkelerdir 
welaýatlaryň halkyndan, esasan, goldaw almandyr.
3. Tutuş 50 müňlük goşuny bilen Hemedanda 
ýaşan döwründe Bagdatdan Yspyhana müň sany atlysy 
bilen 
gaýdyp gelýän Berkýarygy Hemedanyň 
ýakynlarynda örän aňsatlyk bilen öldürip, Seljuk 
tagtyna kynçylyksyz eýe bolardy. Ýöne ol manysyz 
hereket edýär. Bir bölek goşun bilen Abakaogly 
Ýakuby onuň üstüne iberýär, ol bolsa Berkýarygy we 
onuň ýanyndakylary talamak bilen çäklenýär.


110 
4. Tutuş Berkýaryk şazada Mahmyda boýun egýän 
emirler tarapyndan Yspyhan şäherine goýberilmän 
ençeme günläp daşarda garaşanda, şeýle hem şähere 
goýberilenden soň, zyndana taşlanyp gözüne myh 
çüýlenjek bolanda kuwwatly goşuny bilen Yspyhana 
ýöriş eden bolsa, ýagdaýy öz eline alyp, soltanlyk 
tagtynda aňsatlyk bilen oturardy. Tutuşyň bu pursady 
hem herekete geçmän elden gidermegine nämäniň 
sebäp bolandygyna düşünmek örän kyn.
5. Paýtagt Yspyhanda ýerleşýän döwletiň ýaragly 
güýçleriniň serkerdeligini ellerinde saklaýan beýik 
emirleriň Tutuş ýaly güýçli şahsyýetiň soltan bolmagy 
bilen häzirki eýeleýän wezipe orunlarynda galma-
jakdyklaryna 
aç-açan 
göz 
ýetirýärdiler 
we 
Berkýarygyň 
bolsa 
özlerini 
ilkinji 
orunda 
goýjakdygyna ynanyp, ony goldaýardylar.
6. Söweş gidýärkä, Berkýarygyň goşunynda 
aradan üç ýyl geçendigine garamazdan, şadöwletiň 
emirleridir harbylarynyň arasynda uly täsirli Beýik 
soltan Mälik şanyň aýratyn sanjagynyň (goşun 
bölümi), birjik-de ikirjiňlemän Berkýarygyň tarapyna 
geçmekleri Tutuşyň şowsuzlygynyň esasy sebäbidir.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling