91
Gündogar deňzinden (Hazar ýa-da Baýkal kölleri)
Günbatar deňziniň arasyndaky bolan ülkeleriň
häkimiýetini maňa berdi» diýýär, soň
bolsa namaz
okap Alla Tagalanyň berenine şükür edýär. Mälik şa
deňiz kenaryndan bir gysym gum aldy. Haçanda ol
kakasy Alp Arslanyň Marydaky guburyna zyýarat
edende «Eý atam Alp Arslan! Ynha, saňa buşluk
getirdim, entek çagaka goýup giden ogluň, dünýäni bir
ujundan beýleki ujuna çenli basyp aldy» diýip, sözüň
doly
manysynda
maksadyna ýeten hökümdara
mynasyp buýsanç bilen aýdýar. Soltan Süleýmanşanyň
Antakyýadaky aýalyny we çagalaryny alyp Halabyň
üsti bilen Halypalygyň paýtagty Bagdada gidýär.
Şeýlelikde, soltan Mälik şa ep-esli wagt bäri Halabyň
häkimiýeti üçin şadöwletiň emirleriniň
arasynda
örboýuna galan gandöküşikli çaknyşyklary ýok etdi we
bu ýerlere walylar belläp, sebiti göni Beýik
Seljuk
döwletine baglady, hususanam Türkiýe we Siriýa
Seljuk döwletleriniň arasynda olary göz astyndan
gözegçilik eder we golastynda saklar ýaly bitarap zolak
döretdi.
Do'stlaringiz bilan baham: