Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
IV BÖLÜM SÜLEÝMANŞANYŇ DEMIRGAZYK SIRIŸÝaDAKY
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
IV BÖLÜM
SÜLEÝMANŞANYŇ DEMIRGAZYK SIRIŸÝaDAKY BASYBALYŞLARY Siriýa we Palestina häkim bolan Tutuş bilen Demirgazyk Yragy, Demirgazyk Siriýany öz içine alan, paýtagty Mosul emirliginiň hökümdary Müslimiň arasynda syýasy we harby dartgynlygyň has-da artan döwründe, 1084-nji ýylda Türkiýe Seljuk döwletiniň hökümdary Süleýmanşa Antakyýa gidýär. Seljuk- Wizantiýa göreşiniň çür depesi hasap edilýän Malazgirt söweşinden soňky döwürde Wizantiýa bilen gatnaşygy doly kesilen Antakyýa şäheri, asly ermeni Wizantiýa generaly Filaretosyň golastyndady. Ýöne ol türkmen çozuşlary netijesinde Anadolyda Wizantiýa häkimiýetiniň çökmesinden peýdalanyp Urfa-Maraş arasyndaky ýerleri eýeläp özbaşdak şalyk gurmaga synanyşýardy. Bu maksadyny amala aşyrmak üçin hem Seljuk döwletine hem-de Wizantiýa döwletine tabynlyk syýasatyny alyp barýardy. Filaretos ilki Antakyýa bolmak bilen, golastyndaky şäherlerdäki halka we harbylary örän ýowuz daraýardy, olara zulum 81 edýärdi, hatda özüne garşy çykan ogly Barsamany hem zyndana taşlatmakdan gaýtmady. Filaretosyň Urfa gitmeginden peýdalanan, Antakyýanyň harby walysy Ysmaýyl (şihne) (asly türkmen bolmagy gaty ähtimal) Barsamy derrew tussaglykdan boşadyp, onuň bilen kakasyna garşy birleşip, şäheri Türkiýe Seljuk hökümdary Süleýmanşa bermek üçin ony Antakyýa çagyrdylar. Süleýmanşa ýerine emir Abulkasymy goýup 300 atlyny ýanyna alyp howlukmaç paýtagt Iznikden Antakyýa gitdi. Ol şähere häkim bolmak isleýän Siriýa we Palestina Seljuk hökümdary Tutuş bilen şäherden her ýyl Beýik Seljuk döwletiniň adyna salgyt alýan Mosul emiri Müslimiň bu ýagdaýy eşidip, öňürder öýdüp, gijesine ýol ýöräp, gündizleri bolsa derelerde düşläp demirgazyk-günbatardan günorta- gündogara tutuş Anadolyny on iki gijede geçip Antakyýa ýakynlaryna gelýär. Antakyýa alkymlap gelen Süleýmanşa waly Ysmaýyl we Barsama bilen gepleşik geçirip, şol döwürde öz atlylary bilen gelip goşulan Menjekogly diýen türkmen begi bilen bile şäheriň Faris derwezesinden girdi, 1084-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sine şäheri, 1085-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 12-sine bolsa az-kem garşylyk görkezen içki galany aldy. Şeýlelikde, şäheri eýelän Süleýmanşa, halka örän gowy çemeleşdi, hiç kimi jezalandyrmady we ýesirleri boşatdy. Türkmen esgerlerine «Hristian halka örän adalatly çemeleşmek, olardan hakyny bermän zatlaryny almagy, öýlerine 82 girmeklerini we olaryň gyzlaryny almagy» gadagan etdi. Ondan soň ol şäherdäki Kawasyýana kilisesini metjide öwürtdi we 1084-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sine, anna güni 170 azançynyň gatnaşmagynda okalan azandan soň köpçülik bolup Juma namazyny okady. Süleýmanşa alnan oljalaryň ählisini «Daşary çykarman, arzan bahadan bolsa-da şäherde satmagy» buýurdy. Aýratynam hristian halkyň islegini kanagatlandyryp Merýem ene we Azizjerjiýe diýlen iki sany kilise gurmaga rugsat berdi. Şäherde birnäçe gurluşyk işlerini hem geçirden Süleýmanşa orta asyrlarda Hristian dünýäsiniň iň mukaddes şäherlerinden biri hasaplanýan Antakyýanyň alnyşy barada ýörite ilçi tarapyndan hökümdary soltan Mälik şa habar iberdi. Muňa örän begenen soltan paýtagt Yspyhanda ýeňşi gutlap, baýramçylyk dabarasyny geçirdi we buşluk-söýünji dowullaryny çaldyrdy. Şol döwrüň meşhur şahyry Muhammet Abywerdi (aradan çykan senesi: 1113-nji ýyl) bu ýeňiş bilen baglanyşykly kasyda ýazypdy. Süleýmanşa Antakyýany alandan soň bu merkeze degişli Bagras, Süweýdiýe (Samandagy), Isgenderun, Derbesak, Artas, Harym, Telbaşyr, Gazyantep ýaly şäherlerdir galalary ýeke-ýekeden basyp aldy. 1085-nji ýylda Süleýmanşa tabyn emirlerden Buldajy Elbistan, Göksün, Maraş, Behisni, Raban ýaly şäherlerdir galalary eýeläp Türkiýe Seljuk döwletiniň araçäklerine goşdy. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling