155
Artykogly Ilgazynyň ýardamy bilen Çökürmişiň
esgerleriniň uly bölegini hem özüne çekip, güýçli
goşuna eýe boldy. Ol ýöriş edip, Damask Seljukly
döwletiniň häkimiýetindäki Rahbeni gabady. Şol
wagtlarda Ryzwan Çawla
hat iberip, ony haçparazlar
bilen söweşmäge Siriýa çagyrdy. Ýöne Çawly oňa
iberen jogabynda «Ilki Mosuly basyp almak üçin
kömek etmegini, soňra Siriýa gelip, haçparazlar
bilen
söweşjekdigini» aýtdy. Onuň bu teklibini goldan
Ryzwan bütin güýçlerini toplap Çawla goşuldy.
Rahbeni basyp alan ýaranlar, soňra Mosulyň üstüne
ýöriş etdiler. Soltan Gylyç Arslan bilen ýaranlaryň
arasynda Habur derýasynyň golaýyndaky söweşde
Gündogar Anadoly begleriniň soltanyň goşunyny terk
etmekleri bilen Gylyç Arslan ýeňildi. Özüniň we
esbaplarynyň agyrlygy sebäpli, derýada
gark boldy
(1107-nji ýylyň Gorkut aýy). Ýeňişden soň Çawly
Beýik Seljukly döwletiniň adyndan Mosula häkim
boldy. Ýöne Çawly Ryzwana beren sözünde durmady,
ýagny ol haçparazlar bilen söweşmek üçin Siriýa
gitmedi. Mosuly almak üçin özüne uly kömek eden
Ilgazyny-da zyndana atdyrdy. Özüniň
hem zyndana
atylmagyndan şübhelenen Ryzwan goşunyny alyp,
Halaba gaýtmaga mejbur boldy. Şeýlelikde, Ryzwanyň
haçparazlara garşy guran ikinji synanyşygy-da şowsuz
tamamlandy.
Do'stlaringiz bilan baham: