Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


üzňeleşdirilen (izolirlenilen) diller


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet11/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

üzňeleşdirilen (izolirlenilen) diller diýlip atlandyrylýar. 
Olara ýapon, koreý, kusunda we şuňa meňzeş diller 
degişlidir. Şumer dilini hem köp alymlar izolirlenilen dile 
degişli edýärler. Ýöne, bu diliň türki dilleriniň asly 
bolmagy gaty mümkindir. Demirgazyk we Günorta 
Amerikadaky, 
Afrikadaky, 
Awstraliýadaky, 
Täze 
Gwineýadaky birtopar aborigen dilleri toparlara bölmek 
häzire çenli gutarnykly işlenilen däldir. Öz aralarynda 
baganyşygy bolmadyk maşgalalaryň we toparlaryň köp 
mukdary ýüze çykýar. Şol sebäpden hem bu babatda 
alymlaryň 
pikirleri 
hem 
biri-birilerine 
gapma 
garşylyklydyr. 
Soraglar we ýumuşlar: 
1.Haýsy diller garyndaş diller hasaplanylýar? 
2.Izolirlenilen diller näme? 
3.Garyndaş dilleriň has uly birleşmeleri nähili 
atlandyrylýar? 
4.Türkmenistanda ýaşaýan halklaryň dilleriniň haýsy dil 
maşgalalaryna girýändigini sanap beriň. 
 


22 
Dil biliminiň deňeşdirme-taryhy usuly 
Dilleriň garyndaşlygynyň anyk görnüp durmaýan 
ýagdaýynda garyndaşlygy ýüze çykarmak, dilleriň biri-
birleri bilen baglanyşygyny kesgitlemek üçin deňeşdirme-
taryhy usul peýdalanylýar. Bu usul umumylykda alnanda, 
iki sany tapgyrdan ybaratdyr:
1) garyndaşlygy ýa-da garyndaş däldigi subut 
edilmeli dilleriň sözlük gorundan dilden-dile geçmedik, 
alynma sözler bolmadyk, dillerde gadymy döwürlerden 
bäri peýdalanylýan sözler saýlanylyp alynýar. Muňa 
garyndaşlyk adalgalary, beden agzalarynyň atlary, ýüze 
çenli bolan sanlar, “asman”, “suw”, “ölüm”, “ömür”, 
“Ýer”, “Aý”, “Gün” ýaly tebigy hadysalary, zatlary 
aňladýan sözler, sözlük düzüminiň beýleki toparyna 
degişli sözler girýär. Şunda deňeşdirmek üçin diliň häzirki 
zamandaky sözleri däl-de, olaryň ýazuw ýadygärliklerinde 
gabat gelen gadymy görnüşleri alynýar. Mysal üçin biz, 
türkmen we türk dilleriniň garyndaşlygyny kesgitlemek 
islesek, bu dilleriň gadymy ýazuw ýadygärliklerinde, 
Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde, Ýusup Balasagunlynyň, 
Ýunus Emräniň eserlerinde gabat gelýän sözleri 
deňeşdirmelidiris.
Şeýle-de, rus dili bilen latyň garyndaşlygy 
kesgitlenilmekçi bolnan ýagdaýynda, biz Kiýew Rusy 
döwrüniň gadymy rus sözleri bilen XVI asyr latyş diliniň 
sözlerini (latyş dilinde birinji kitap 1585-nji ýylda peýda 
bolupdyr) deňeşdirmelidiris.
2) iki ýa-da birnäçe dilleri deňeşdirmegiň esasynda 
ses barabarlyklarynyň yzygiderli gabat gelşi ýa-da gabat 
gelmeýşi deňeşdirilýär. Bu babatda aşakdaky mysala 
seredeliň: 


23 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling