22
Dil biliminiň deňeşdirme-taryhy usuly
Dilleriň garyndaşlygynyň anyk görnüp durmaýan
ýagdaýynda garyndaşlygy ýüze çykarmak, dilleriň biri-
birleri bilen baglanyşygyny kesgitlemek üçin deňeşdirme-
taryhy usul peýdalanylýar. Bu usul umumylykda alnanda,
iki sany tapgyrdan ybaratdyr:
1) garyndaşlygy ýa-da garyndaş däldigi subut
edilmeli dilleriň sözlük gorundan dilden-dile geçmedik,
alynma sözler
bolmadyk, dillerde gadymy döwürlerden
bäri peýdalanylýan sözler saýlanylyp alynýar. Muňa
garyndaşlyk adalgalary, beden agzalarynyň atlary, ýüze
çenli
bolan sanlar, “asman”, “suw”, “ölüm”, “ömür”,
“Ýer”, “Aý”, “Gün” ýaly tebigy hadysalary, zatlary
aňladýan sözler, sözlük düzüminiň beýleki toparyna
degişli sözler girýär. Şunda deňeşdirmek üçin diliň häzirki
zamandaky sözleri däl-de, olaryň ýazuw ýadygärliklerinde
gabat gelen gadymy görnüşleri alynýar. Mysal üçin biz,
türkmen we türk dilleriniň garyndaşlygyny kesgitlemek
islesek, bu dilleriň gadymy ýazuw ýadygärliklerinde,
Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde, Ýusup Balasagunlynyň,
Ýunus Emräniň eserlerinde gabat gelýän sözleri
deňeşdirmelidiris.
Şeýle-de, rus dili bilen latyň garyndaşlygy
kesgitlenilmekçi bolnan ýagdaýynda, biz Kiýew Rusy
döwrüniň gadymy rus sözleri bilen XVI asyr latyş diliniň
sözlerini (latyş dilinde birinji kitap 1585-nji ýylda peýda
bolupdyr) deňeşdirmelidiris.
2) iki ýa-da birnäçe dilleri deňeşdirmegiň esasynda
ses barabarlyklarynyň yzygiderli gabat gelşi ýa-da gabat
gelmeýşi deňeşdirilýär. Bu babatda aşakdaky mysala
seredeliň: