Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Soraglar we ýumuşlar: 1.Ilkidurmuş obşina gurluşy döwrüniň dilleriniň özboluşly aýratynlyklaryny häsiýetrlendiriň. 2.Gonoratiw sözler näme? Ol haýsy dillerde ýüze çykypdyr, jemgyýetiň ösüşiniň taryhy döwürleriniň haýsynda emele gelýär? 3.Gadymy döwrüň edebi dilleri häzirki döwrüň edebi dillerinden näme bilen tapawutlanýar? 36 4.Afrika döwletleriniň käbirlerinde resmi dil hökmünde başga döwletleriň diliniň ulanylmagyny näme bilen düşündirýärler? Dil täsirleri Diller taryhy ösüşlerinde mydama biri-birlerine belli bir derejede täsir edipdirler. Iki ýa-da ondan köp bolan diliň gurluşy hem-de sözlük düzümi boýunça biri- birilerine täsir etmegine dil täsirleri diýilýär. Dil täsirleriniň iň ýönekeý ýagdaýy bir dilden başga bir dile sözleriň geçmegidir.Mälim bolşy ýaly, sözleriň başga dillerden alynmagy haýsydyr bir predmetiň ýa-da ony aňladýan düşünjäniň alynmagy bilen baglydyr. Şunuň ýaly alynmalary käbir dilçiler zerurlyk boýunça alynmalar diýip atlandyrýarlar. Bulara “paraşýut” (fran. parachute), “radius” (lat.radius), hot-dog (iňl.hot-dog) we ş.m sözleri mysal getirmek bolar. “Kabul ediji” dil bilen deňeşdirilende “beriji” diliň derejesi has ýokarydyr. Alynma sözleriň aralaşmagy käbir ýagdaýlarda başga bir halkyň hem-de ýurduň durmuşyny we medeniýetini beýan etmek bilen baglylykda ýüze çykýar. Şunuň ýaly alynma sözlere ekzotizmler diýilýär. Olara “ýurta”, “guwaýwa”, “guru”, “kowboý” we ş.m sözler degişlidir. Alynma sözler giren dillerine şeýle bir uýgunlaşýarlar welin, hatda käbir ýagdaýlarda olaryň başga dillere degişlidigini diňe ýörite derňewiň üsti bilen kesgitläp bolýar. Mysal üçin, rus diline giren “karandaş”, “başlyk”, “ştany” ýaly türki sözlerini muňa mysal edip bolar. Ýöne käbir alynma sözler öz aýratynlyklaryny uzak wagtlap saklaýarlar. Mysal üçin “palto”, “kofe” sözleri rus 37 diline XVIII asyrda aralaşypdyr, ýöne häzire çenli düşümde üýtgemeýärler. Käbir sözleriň başga dillerden girendigini diňe görmek ýa-da eşitmek arkaly kesgitläp bolýar. Mysal üçin, türkmen dilinde d,j,g çekimsiz sesleri, dodak çekimlileri bilen gutarýan sözler ýok. Rus dilinde “a“ bilen başlanýan, -až bilen gutarýan (garaž, montaž) sözler ýokdur. Dil täsirleriniň başga bir görnüşine- beýleki bir diliň sözüniň göni terjime edilip alynmagy kalkalaşdyrmak atlandyrylýar. Kalkalaşdyrmak netijesinde emele gelen söze kalka diýilýär. Kalka mysal edip “писатель”-ýazyjy, “ученик”-okuwçy türkmen sözlerini, “сознание” (aň)- rus sözüni mysal getirmek bolar. “Сознание” latyn dilindäki conscientia (con-“со”, scientia-“знание”) sözüniň göni terjime edilmeginden emele gelipdir. Kalkalar bilen bilelikde ýarym kalkalar hem bolup bilýär. Goşma sözüň bir bölegi terjime edilip, beýleki bölegi terjime edilmese, ol ýarymkalka atlandyrylýar. Muňa “ýarymkalka” sözüniň özüni hem mysal getirmek bolar. Rus dilinde ylmy adalga hökmünde ulanylýan “aнтитело” adalgasy , fransuz dilindäki “anticorpus” sözüniň özleşdirilmegi netijesinde hasyl bolupdyr. Sözüň “corpus” bölegi rus dilindäki “тело” sözüne terjime edilipdir, “anti” bölegi bolsa üýtgewsiz galdyrylypdyr. Sözleriň bir dilden başga bir dile alynmagy we kalkalaşdyrylmagy dillerde giňden ýaýran hadysadyr. Ýöne olar diliň diňe daşky tarapy bilen baglanyşyklydyr, diliň içki gurluşyna olaryň täsiri ýokdur. Diller garyşanda ýa-da bir dil beýleki dile siňip gidende, has gyzykly ýagdaýlar bolup geçýär. Bu hadysa doly düşunmek üçin iňlis diliniň taryhyna göz aýlalyň. 38 Häzirki iňlisleriň ata-babalary-angllar, sakslar, ýutlar V-VI asyrlarda şu günlerki waliýleriň ata-babasy bolan keltleriň ýaşan ýeri, Angliýanyň çäklerinde ornaşypdyrlar. Olar keltleri tiz wagtdan dil babatdan özlerine uýgunlaşdyrypdyrlar. Ýöne, şu ýagdaýda gelmişekleriň diline-de keltleriň dilinden käbir aýratynlyklar geçipdir. Ýerli ilatyň dilinden käbir aýratynlyklaryň gelmişekleriň diline aralaşmagyna Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling