Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Soraglar we ýumuşlar:
1.Size alynma sözleriň nähili görnüşleri bellidir? 2.Ekzotizmler näme? 3.Kalkalaşdyrmak, kalka näme? 4.Substrat näme? 5.Superstrat näme? 6.Adstrat näme? 7.Dil baglanyşygy diýip nämä aýdylýar we olaryň emele gelmegine näme sebäp bolýar? Pidžinler we kreol dilleri Dilleriň belli bir şertlerdäki biri-birileri bilen gatnaşygy pidžinleriň emele gelmegine sebäp bolup biler. Pidžin näme we ol nähili şertlerde emele gelýär. Ýurduň ýerli ilaty bilen şol ýurdy eýelän gelmişekleriň arasynda gepleşmek üçin ulanylýan garyşyk dile pidžin diýilýär. 42 Pidžin hiç bir adamyň ene dili däldir, ýöne diňe milletara gatnaşyklarynda gural bolup hyzmat edýär. Pidžiniň emele gelşiniň başky etaplarynda onuň örän gowşak grammatikasy hem-de az sanly ätiýaçlyk sözleri bolýar. Pidžin gepleşigiň çäklendirilen ugurlarynda: söwdada, aýratyn hünär taýýarlygyny talap etmeýän fiziki işlerde ulanylýar. Düzgün bolşy ýaly, pidžiniň sözleriniň örän köp bölegi, tas 90% gowragy ýerli halkyň üstüne gelen gelmişekleriň sözlük düzüminiň hasabyna emele gelýär. Ýerli halkyň gelmişekleriň dilinde geplemäge ymtylyşynyň güýçli bolmagy, beýleki tarapdan gelmişekleriň ýerli halkyň dili bilen tanyşmak islemezlikleri pidžinleriň döremezligine sebäp bolup biler. Pidžinleriň fonetikasy ýerli halkyň diline ýykgyn edýänligi babatdan tapawutlanýar: ýerli halk daşary ýurt sözlerini öz ses ulgamlaryna ornaşdyrýar, aýdylmasy kyn bolan sözlerden hem-de ses düzümlerinden gaça durýar. Pidžinleriň grammatikasy mydama analitikdir. Munda grammatik many leksiki manydan aýratynlykda ýüze çykýar, söz sözlem içinde grammatik mana eýe bolýar. Söz üýtgeýiş ýokdur. Grammatik many berşiň esasy serişdesi –sözleriň tertibidir. Sözleri emele getirmegiň esasy usuly-sözleriň biri-birine goşulmagydyr. Ilkinji pidžinler XV-XVIII asyrlarda iňlis, fransuz, portugal dilleriniň esasynda Afrikanyň günbatar kenarlarynda emele gelipdir. Soňlugy bilen pidžinler Okeaniýa adalarynda, Latyn amerikasy kontinentinde ýaýrapdyr. Dilçileriň tassyklamagyna görä, bütin dünýäde elli töweregi pidžin hasaba alnypdyr. Bize ýakyndan tanyş bolan rus diliniň esasynda-da birnäçe pidžin emele gelipdir:amur pidžini, negidal-rus, 43 powolžiýa, kýahtin pidžinleri. Olaryň içinde has düýpli öwrenileni Kýahta şäheriniň etraplarynda XIX asyryň dowamynda ulanylan kýahtin pidžinidir. Kýahtin şäheri şol döwürlerde Mongoliýa bilen Hytaýyň serhet ýaka söwda merkezi bolupdyr. Bu pidžiniň esasy sözlük gory rus dilinden alnypdyr. Mundan başga-da beýleki dilleriň hem sözleri ulanylypdyr: “biçi” (mon. ýazmak), “fuza” (hyt.kçijik dukan), “hao” (hyt. örän oňat), “ža-ža-ža” (hyt.ha-ha-ha), “oýo” (hyt. söhbetdeşiň pikiri bilen ylalaşmazlygy bildirýän ümlük), şeýle-de hytaý dilinden alnan kalkalara hem duş gelmek bolýar: “el ädigi” (ellik), “akyly gutaran” (akylyndan azaşan) we ş.m. Kýahtin pidžiniňiň esasy fonetik kanuny açyk bogun kanunydyr. Diýmek, kýahtin pidžininde bogun diňe çekimli sese gutaryp biler: iki ýa-da ondan köp bolan çekimsizleriň goşulyşmagyna ýol berilmeýär. Şu kanuna laýyklykda kýahtin pidžini diňe aşakdaky fonetik gurluşa laýyk gelýän rus sözlerini kabul edýär: воля, люди, манера, рубаха, рука we ş.m. Birnäçe çekimsiz sesiň bilelikde gelýän sözleri fonetik taýdan özleşdirilipdir hem- de ýokardaky kanuna laýyk getirilipdir. Meselem, “бамбук” sözi kýahtin pidžininde “бамебуки”, “воротник” sözi “воротинеки”, “шелк” sözi bolsa, “шелека” görnüşinde aýdylypdyr. Kýahtin pidžininde atlar düşüm bilen üýtgemeýärler, işlikler san goşulmalaryny, ýöňkeme goşulmalaryny kabul etmeseler-de, zaman aňladyp bilýärler. Bu pidžiniň beýleki ähli pidžinlerden tapawudy: ol basybalyjylyk şertlerinde däl-de, serhet söwdasynyň esasynda döräpdir. Kýahtin pidžininiň esasynda gelmişekleriň dili däl-de (bu ýerde gelmişekler hökmünde 44 hytaý täjirleri göz öňünde tutulýar), şol çäkde ýaşaýan ilatyň dili ýatýar. XX asyryň başlarynda serhet söwdasynyň bes edilmegi bilen kýahtin pidžini ulanylyşdan galypdyr. Onuň ýazuw ýadygärlikleriniň örän az möçberde saklanyp galandygy bu pidžini düýpli öwrenmegi kynlaşdyrýar. Käbir ýagdaýlarda pidžinleriň ulanylýan çäklerinde ilatyň hemişelik gatyşmagy bolup geçýär, milletara gatnaşyklary has jebis häsiýete eýe bolýar, dürli nika baglanyşyklary netijesinde pidžin giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa, pidžiniň adamlaryň belli bir topary üçin ene dili bolmagyna sebäp bolýar, netijede ol beýleki bir halkyň wekili bilen aralykdaky gepleşik serişdesi bolmak bilen çäklenmän, özara gepleşikde-de esasy orna geçýär. Pidžiniň ulanylyş geriminiň giňelmegi onuň hyzmatynyň artmagy bilen şertlendirilýär. Munuň netijesinde pidžiniň sözlük gory has artýar, grammatik gurluşy (ilkinji nobatda sintaktik gurluşy) çylşyrymlaşýar. Sözlük gorundaky, grammatik gurluşyndaky bolup geçýän özgerişlikler pidžini doly derejeli dile öwürýär. Pidžiniň esasynda dörän dillere kreol dilleri diýilýär. XX asyryň ikinji ýarymynda garaşsyzlygyny alan käbir döwletlerde kreol dilleri döwlet dili derejesini aldy. Mysal üçin, Täze Gwineýada neomelaneziýa, Wanuatuda bislam, Süleýman adalarynda neosolomon, Seýşel adalarynda seýşel dili döwlet derejesine eýe boldy. Tele- radio gepleşikleri bu dillerde alnyp barylýar, gazýet- žurnallar çap edilýär, mekdeplerde sapaklar okadylýar. Kreol dilleriniň birtoparynyň durmuşy gatnaşyklarynda ulanylýandyklary bellidir. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling