Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


pazigrafiýa  diýlip  atlandyrylýar.Pazigrafiýa mysal hökmünde gollandiýaly  K.Ýansen


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet24/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

pazigrafiýa 
diýlip 
atlandyrylýar.Pazigrafiýa mysal hökmünde gollandiýaly 
K.Ýansen tarapyndan döredilen surat ýazuwy-piktony 
görkezmek bolar. Ine şol hatyň käbir belgileri: : ⌂ “öý”, Λ 


49 
“gitmek”, ∞ “geplemek”, ♥ “söýmek”, I “men, maňa, 
meni”, II “sen, saňa, seni”, III “ol, oňa, ony”, •□ 
“öňünden”, □• “yzyndan”, |– “bolmak” işligi häzirki 
zamanda, •|– “bolmak” işligi öten zamanda, |–• “bolmak” 
işligi geljek zamanda, |+ “özüňe almak, edinmek”, Ō 
“şäher”. 
 
Mundan başga-da, şunuň ýaly çylşyrymly 
bolmadyk surat ulgamy arkaly köpsanly san pazigrafiýasy 
hem döredilipdir, onda her bir söz belli bir sanlaryň 
toplumy arkaly belgilenilipdir. Surat pazigrafiýasy-da, san 
pazigrafiýasy-da giňden ýaýramandyr. Pazigrafiýanyň 
ulanylýan görnüşi hökmünde arap we rim sanlaryny mysal 
getirmek mümkindir. Olar ähli dillerde şol bir manyny 
aňladýar.
 
Soraglar we ýumuşlar: 
1.Araçy dil näme?
2.Taryhyň dürli döwürlerinde Ýewropada haýsy diller 
araçy dil hökmünde hyzmat edipdirler?
3.Gündogarda araçy dil hökmünde haýsy dil hyzmat 
edipdir?
4.Haçan we kim tarapyndan halkara emeli dil 
dötermäge ilkinji gezek synanşyk edilipdir?
5.Haýsy emeli dil ilkinji gezek hakyky halkara 
aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanylypdyr?
6.Häzirki döwürde emeli dilleriň haýsy has giňden 
ýaýrandyr? 
 7.Pazigrafiýa diýip nämä aýdylýar?
 
 
 
 


50 
Dünýä dilleri 

 
 Abazin dili- Abhaz-adygeý dilleriniň biridir. 
Esasan Garaçaý-Çerkesde giňden ýaqýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 27 müň töweregi adam hasaplanylýar. 
Abazin diliniň iki şiwesi bolup, tapant (edebi diliň 
esasynda ýatýar) we aşhar şiweleridr. Grammatik many 
aňladyşyň sintetiki serişdesi agdyklyk edýär. Sözlük 
düzüminde Kabardin-çerkes diliniň sözleri köp. Abazin 
diliniň ýazuwy 1932-1933-nji ýyllarda latyn elipbiýiniň 
esasynda döredildi. 1938-nji ýyldan başlap rus elipbiýine 
geçildi. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling