52
Alban dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Ol
Albaniýada, Kosowada giňden ýaýrandyr.
Alban dilinde
gepleýänleriň sany 5 mln adam töweregi hasaplanylýar. 4
şiwe topary bar: günorta, tosk, demirgazyk, geg
şiweleri.Grammatik gurluşy –flektiw,
grammatik many
aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär.
Ilkinji
ýazuw
ýadygärlikleri
XV
asyra
degişli
hasaplanylýar.Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr.
XVIII asyrda milli elipbiýi döretmäge synanşyklar edilýär,
ýöne bu başa barmaýar.
Aleut dili- eskimos-aleut dilleriniň biridir. Ol Aleut
adalarynda (ABŞ), Bering adasynda (Russiýa) ýaýrandyr.
Bu dilde gepleýänleriň sany ABŞ-da 700, Russiýada 30
töweregi adam. 3 sany şiwesi bar-unalaşkin, akin, attow.
Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala
aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňladyşyň
sintetik serişdesi agdyklyk edýär. Rus elipbiýiniň
esasyndaky XIX asyryň başynda döredilen ýazuw 1867-
nji ýylda Aleut adalarynyň ABŞ-a geçirilmegi
bilen
ýatyrylýar. XX asyryň 70-nji ýyllarynda latyn elipbiýiniň
esasynda täze ýazuw döredilýär.
Altaý dili- türki dilleriniň biridir. Demirgazyk
Altaýyň çäklerinde ýaýrandyr Bu dilde gepleýän
adamlaryň sany 53 müň töweregi hasaplanylýar.
Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala
aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda
sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Sözlük düzümine rus
dilinden alnan sözler köp. Häzirki wagtda 1939-njy ýylda
rus elipbiýiniň esasynda döredilen ýazuw peýdalanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: