Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Amhar dili
- Aranta dili
- Assam dili
Alýutor dili- Çukotka-kamçatka dilleriniň biridir.
Korýak awtonom okrugynyň demirgazygynda ýaýrandyr.Gepleýänleriň sany 2 müň adam töweregidir. 53 Grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Ýazuwy ýokdur. Amhar dili- semit dilleriniň biridir. Efiopiýada yaýrandyr we Efiopiýanyň döwlet dilidir. Gepleýänleriň sany 15 mln adam töweergi diýlip hasaplanylýar Biri- birinden az tapawutlanýan üç sany şiwesi bar: şoan, gojan, gondar şiweleri. Edebi dili şoan şiwesiniň esasynda emele gelipdir. Grammatik gurluşy-flektiw, ýöne işlik paradigmasy analitik görnüşde köp duş gelýär. Sözlemiň habary soňundan gelýär. Bogunlaýyn milli ýazuwy bar. Andiý dili- Dagystan dilleriniň biridir. Ol awar diline yakyndyr.dagystanyň Botlih etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 12 müň adam töweregi hasaplanylýar. Ýazuwy 1928-nji ýyla çenli arap elipbiýiniň , 1928-1938-nji ýyllarda latyn elipbiýiniň, 1938-nji ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. Arap dili- semit dilleriniň biridir.Yrakda, Liwanda, Iordaniýada, Kuweýtde, Birleşen arap emirliklerinde, Ýemende, Katarda, Bahreýnde, Omanda, Müsürde. Sudanda, Liwiýada, Tunisde, Alžirde, Marokkada we ş.m ýaýrandyr. Arap dili Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biridir. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 165 mln adamdan hem köpdür. Diliň şiwe aýratynlyklary örän güýçli. Esasy ýörgünli görnüşi nusgawy arap dili bolan-Gurhanyň dilidir. Gramatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Ýazuwy sagdan çepe ýazylýan 28 harpdan ybarat milli elipbiýiň esasyndadyr. Aranta dili- Awstraliýanyň ýerli ilatynyň dilleriniň biridir. Pama-nýunga maşgalasyna girýär. Bu dilde gepleýänleriň sany müň adam töweregidir.Gramatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 54 dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. Arin dili- Ýeniseý dilleriniň biridir. XVIII asyryň ikinji ýarymynda ulanylyşdan galan hasaplanylýar. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere, şeýle-de flektiw dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. Assam dili- Hindi-ýewropa dilleiniň biridir.Hindi di toparyna girýär. Hindistanyň Assam ştatynyň demirgazyk-gündogarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 10 mln adamdan gowrak. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Bengal dili bilen umumylykda bogun ýazuwy ulanylýar. Assiriýa dili- semit dilleriniň biridir.Eýranyň, Yragyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, ABŞ-nyň käbir sebitlerinde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 330 müň töweregi adam. Grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Assriýa elipbiýi ulanylýar. Hat sagdan çepe ýazylýar. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling