Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet30/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Bolgar 
dili- 
Hindi-ýewropa 
dilleriniň 
biridir.Slawýan toparynyň günorta slawýan toparçasyna 
degişlidir. Bolgariýanyň döwlet dili. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 9 mln adamdan gowrakdyr. Köpsanly 
şiweleri bar. Gramatik gurluşy-analitik. Ýazuwy kril 
elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Brahui dili-drawid dilleriniň biridir. Pakistanda 
(Bulujystan we Sind welaýatlarynda), Owganystanyň 
günorta etraplarynda, Eýranyň gündogarynda ýaýrandyr. 
Bu dilde gepleýänleriň sany 800 müň adamdan gowurak. 
Sözlük düzüminde arap dilinden alnan sözler köp. XVIII 
asyryň ikinji ýarymyndan başlap, ýazuwy arap elipbiýiniň 
esasynda. 
 
Breton dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Kelt 
toparynyň britt toparçasyna girýär. Bretan (Fransiýa) 
ýarym adasynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 1 
mln adam töweregidir.Bretonlylaryň tas hemmesi diýen 
ýaly breton dili bilen bilelikde fransuz dilini bilýärler. 
Esasy dört: leon, tregýer, kornuaý, wan şiweleri bar.Wan 
şiwesinden beýleki şiwelerde basym iň söňkyň öňündäki 
bogna düýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda.
 
Bugiý 
dili-awstroneziýa 
dilleriniň 
biridir. 
Indoneziýa toparyna girýär. Kalimantan (Indoneziýa) 
adasynyň gündogar kenaryna we Sualwesi ýarym 
adasynyň günorta-günbataryna ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýän adamlaryň sany 3 mln adamdan gowrak. Esasy 
şiweleri: bone, soppeng, wadžo, luwu, sidenreng, sawitto. 
XX asyryň ortalaryna çenli bogun ýazuwy ulanylypdyr, 
häzirki döwürde ol ýuwaş-ýuwaşdan öz ornuny latyn 
elipbiýiniň esasyndaky ýazuwa berýär.


59 
 
Burýat 
dili- 
mongol 
dilleriniň 
biridir. 
Burýatystanyň, şeýle-de Ust-Orda we Agin awtonom 
okruglarynyň çäklerinde ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 353 müň adam töweregidir. Grammatik 
gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir, grammatiki manyny aňladylyşyň
sintetik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde tibet, 
köne mongol we rus sözleri köp. Ýazuwy XVII asyryň 
ahyryndan başlap köne mongol elipbiýinde. Burýan 
ýazuwy 1931-nji ýylda latyn elipbiýine, 1939-njy ýylda 
rus elipbiýine geçirildi. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling