Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Dargin dili
- Džong-ke dili
- Dolgan dili
Çukot dili- Çukaotka-kamçatka dilleriniň biridir. Çukotka awtonom okrugynda ýaýrapdyr. Gepleýänleriň sany-11 müň adam töweregi hasaplanylýar. Grammatik gurluşy-inkorporirleýji dil. Sözlük düzüminde eskimos, ýukagir we rus dilleriniň sözleri köp. Ýazuwy 1931-nji ýylda latyn elipbiýiniň esasynda döredoildi, 1936-njy ýylda rus elipbiýine geçildi. Çuan dili- ýukagir diller maşgalasyna girýän öli dilleriň biridir. Anadyr derýasynyň aşaky akymlarynyň kenarlarynda ýaýrandyr. 1781-nji ýylda I.Bensig tarapyndan ýazylan 22 sözlemiň, F.F.Matýuşkiniň ýazyp alan 210 sözüniň terjimesi saklanypdyr. D Dalmatin dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Roman toparyna girýär. Adriatik deňziniň adalarynda duş 61 gelýär. XIX asyryň ahyrlarynda ulanylyşdan galypdyr. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde slawýan we italýan dillerinden alnan sözler bar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. Dargin dili- nah-dagystan dilleriniň biridir. Esasan, Dagystanyň daglyk etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 320 müň adam töweregi hasaplanylýar. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde rus dilinden alnan sözler köp. Ýazuwy 1928-nji ýyla çenli arap elipbiýiniň, 1928-1938-nji ýyllarda latyn elipbiýiniň, 1938-nji ýyldan bäri bolsa rus elipbiýiniň esasyndadyr. Dari dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Eýran toparyna girýär. Äjik diline örän ýakyn. Owganystanda puştu dili bilen bilelikde döwlet dili hökmünde ulanylýar. Bu dilde gepleýänleriň sany 4 mln adam töweregi hasaplanylýar. Iki şiwe toparyna bölünýär. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasynda. Dat dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Daniýa Korollygynyň döwlet dilidir. Bu dilde gepleýän adamyň sany 6 mln golaý hasaplanylýar. Grammatik many aňlatmakda analitik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde iňlis, fransuz, nemes dilleriniň sözleri köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda Džong-ke dili- Hytaý-tibet dilleriniň biridir. Tibet- birman toparyna girýär. Butan Korollygynyň döwlet dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 770 müň adam töweregidir. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, köki üzňe. Sözleriň leksiki manylaryny tapawutlandyrýan owaz 62 äheňleriniň ulgamy bar. Käbir ýörite belgileri goşmak bilen, tibet bogun ýazuwy ulanylýar. Dolgan dili- türki dilleriniň biridir. Gurluş tarapyndan ýakut diline örän meňzeşdir. Dolga-nenes awtonom okrugynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 4,5 müň adam töwregidir. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasyndadyr. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling