Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet28/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Afrikaans 
dili- 
Hindi-ýewrpa 
dilleriniň 
biridir.German toparynyň günbatargerman toparçasyna 
degişlidir. Iňlis dili bilen bilelikde Günorta Afrika 
Respublikasynyň döwlet dilleriniň biridir. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 6 mln adam töweregidir. Şiwelere 
bölünmeýär. Afrikaans dilinde aborigen dillerden, şeýle-de 
malaý we portugal dillerinden alnan sözler ýygy-ýygydan 
duş gelýär. Grammatik many aňladyşyň analitik serişdeleri 
köp duş gelýär. Sözlemde sözleriň tertibi berk saklanylýar. 
Ýazuwy latyn elipbiýindedir. 


55 
Astek (nauatl ) dili- Hind dilleriniň biridir. Ol 
tano-astek maşgalasyna girýär. Bu dil Meksikanyň günorta 
etraplaryna ýaýrandyr, gepleýänleriň sany 1 mln adam 
töweregidir. Üç şiwe topary bar. Grammatik gurluşy- 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Sözlük düzüminde ispan dilinden alnan sözler 
köp. Ispanlar tarapyndan eýelenilmezinden öň logografik 
we piktografik (surat ýazuwy) häsiýetlere eýe bolan astek 
haty peýdalanylypdyr. Yazuwy XVI asyrdan başlap latyn 
elipbiýinde. 
Aşkun dili-Hindi-ýewropa dilleriniň dard toparna 
girýär. Owganystanyň Nurystan welaýatynda ýaýrandyr. 
Bu dilde gepleýänleriň sany 5 müň adam töweregi 
hasaplanylýar. Birtopar şiweleri bar. Diliň ýazuwy ýok. 

Bask dili- gelip çykyşy anyklanylmadyk dil. Onuň 
kartwel dilleri bilen garyndaşlygyny subut etmek üçin 
synanşyklar edilýär. Iki resmi diliň biri bolup (ispan dili 
bilen bilelikde) , Bask ýurdunda (Ispaniýanyň awtonom 
ülkesi) ýaýrandyr.Bu dilde gepleýänleriň sany 600 müň 
adam töweregi hasaplanylýar. Şiwelere bölüniş derejesi 
örän güýçli. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 
Başgyrt dili- türki dilleriniň biridir. Tatar diline 
örän ýakyn. Başgyrdystanda, şeýle-de Russiýanyň 
Orenburg, Çelýabinsk, Samara, Kurgan, Ýekaterinburg 
oblastlarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 920 
müň adam töweregi hasaplanylýar. Kuwakan we ýurmatin 
şiweleri bar.Grammatiki gurluşy- goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatiki 
manyny aňladylyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. 


56 
Ýazuwy 1929-njy ýyla çenli arap elipbiýinde, 1929-1939-
njy ýyllarda latyn elipbiýinde, 1939-njy ýyldan başlap rus 
elipbiýiniň esasyndadyr. 
Be dili- taý dilleriniň biridir.Hytaýa degişli Haýnan 
welaýatynyň demirgazyk- günbatar böleginde ýaýrandyr. 
Gepleýänleriň sany 200 müň adam töweregidir. 
Grammatiki manyny aňladylyşyň analitik serişdeleri 
agdyklyk edýär. Dilde saz äheňler ulgamy bar. Ýazuwy 
ýok. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling