Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet36/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Fransuz 
dili-hindi-ýewropa 
dilleriniň biridir. 
Roman toparyna girýär. Fransiýanyň, Monakonyň, 
Belgiýanyň (niderland dili bilen birlikde), şeýle-de 
Afrikanyň, Latyn Amerikasynyň birtopar ýurtlarynyň 
döwlet dilidir. BMG-niň iş dilleriniň biri hökmünde 
ulanylýar. Bu dilde gepleýänleriň sany 95 mln adam 
töwreregi hasaplanylýar. Grammatik many aňladyşyň 
analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. Dürs ýazuwynda däp bolan kadalara 
eýerilýär. Ilkinji ýazuw ýadygärligi- “Strassburg 
kasamlary” 842-nji ýyla degişlidir. 
 
Firiz dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. German 
toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Niderlandlaryň 
Frislandiýa ülkesinde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň 
sany 400 müň adam töweregidir.2 müňden gowrak friz 


66 
Germaniýanyň çäklerinde ýaşaýar. Grammatik many 
aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasynda. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri XIV 
asyra degişli hasaplanylýar. 

 
Gadymy müsür dili-afraziýa dilleriniň biridir. 
Kopt dili bilen bilelikde aýratyn müsür toparyny emele 
getirýär. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary 
agdyklyk edipdir. Logografik ýazuwdaky ýadygärlikleri 
saklanyp galypdyr. 
 
Gazak dili-türki dilleriň biridir. Gazagystanda, 
serhetleşýän 
döwletlerinde, 
Hytaýda 
ýaýrandyr.Gazagystanda döwlet dili hökmünde ulanylýar. 
Bu dilde gepleýänleriň sany sekiz milliondan köpräk 
hasaplanylýar.Anyk şiwelere bölünişi göze ilmeýär. 
Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrýan dillere degişlidir, Grammatik many aňladyşyň 
sintetik serişdeleri agdyklyk edýär. Sözüň basymy dilde 
soňky bogna düşýär. Sözlük düzüminde rus dilinden alnan 
sözler köp. Ýazuwy 1930-njy ýyla çenli arap, soň latyn, 
1940-njy ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling