Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Gawaý dili-awstroneziýa dillerinin biridir. Polineziýa toparyna degişlidir. Häzirki wagtda ABŞ-nyň ştatlarynyň biri bolup durýan Gawaý adalarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 20 müň adamdan 68 köpüräkdir. Grammatiki many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär.XIX asyryň ahyryna çenli gawaý dili mekdeplerde, hukuk işlerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, çeper edbiýatlarda ulanylypdyr. 1895-nji ýyldan başlap ýuwaş-ýuwaşdan iňlis diline geçilip başlanylypdyr. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Gagauz dili- türki dilleriniň biridir. Moldawanyň günorta etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 175 mün adamdan köpüräkdir. Çadyrly-kmrat we wulkaneş şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde arap, pars, grek, slawýan we roman dilleriniň sözleri bar. Ýazuwy rus elipbýiniň esasyndadyr. Gaitýan dili-kreol dilleriniň biridir. Fransuz diliniň esasynda emele gelipdir. Bu dilde gepleýänleriň sany 5 mln adamdan hem köpüräk. Gaiti respublikasynyň çäginde ýaýrandyr. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Galisiý dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Roman toparyna girýär. Galisiýa awtonom oblastynda (Ispaniýa) ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 4 mln adamdan gowrak. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Grammatik gurluşy, şeýle-de sözlük düzümi Portugal diline örän ýakyn. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. Gal dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir.Kelt toparynyň gal toparçasyna girýär. Biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda ulanylyşdan galypdyr. Bu dilde gepleýän adamlar häzirki Fransiýanyň, Belgiýanyň, Şweýsariýanyň çäklerinde ýaşapdyrlar Grammatik many aňladyşyň 69 sintetik usullary agdyklyk edipdir. Sözleriň ýerleşiş tertibi erkin. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling