72
äheňi bar. Sözleri goşmak söz ýasalyşyň
esasy usuly
hökmünde ulanylýar. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri b.e.ö II
müňýyllygyň ortalaryna degişlidir. Hytaý
dilinde
ideografik hat ulanylýar.
I
Idiş dili-hindi
-ýewropa dilleriniň biridir.
German
toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Aşkenaz
ýewreýleriniň gepleşik we edebi dilidir.XX asyryň
ortalaryna çenli Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň,
Ukrainanyň, Belarussiýanyň, Litwanyň, Latwýanyň
ýewreý ilatynyň arasynda giňden ýaýrapdyr.
Ikinji jahan
urşundan soň idiş dilinde gepleýänleriň sany azalypdyr.
Onuň hakyky ulanylyşy örän çäklenen
bolsa-da, häzirki
döwürde Ýewreý awtonom okrugynyň
resmi dili
hukugyna eýedir. Grammatik gurluşy nemes diline örän
ýakyndyr. Sözlük düzüminde slawýan dillerinden we
iwritden (ýewreý dilinden) geçen sözler köpdür.
Çekimlileri aňlatmak üçin ýörite harplary goşmak bilen,
däp bolan ýewreý elipbiýi peýdalanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: