Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet49/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Latyn dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Italiý 
toparyna girýär. Bu dil ilkibaşda paýtagty Rim şäheri 
bolan kiçi latyn taýpasynyň gepleşik dili bolupdyr. Latyn 
dilindäki ilkinji ýazuw ýadygärlikleri b.e.öň VI asyra 
degişlidir. Rim döwletiniň beýleki döwletleri ykdysay 
hem-de syýasy taýdan tabyn etmek syýasaty bilen 
baglylykda, latyn dili ýuwaş-ýuwaşdan Italiýa, soň häzirki 
Fransiýanyň, 
Ispaniýanyň, 
Portugaliýanyň, 
Şweýsariýanyň, Rumyniýanyň çäklerine ýaýrapdyr. V-VI 
asyrlarda käbir şiweler edebi dilden aýrylyp, özbaşdak dil 
hökmünde öňe çykypdyrlar. Edebi dil bilan latyn dili
ylmyň, hukuk öwrenişiň, saglygy goraýşyň dili hökmünde 
Günbatar Yewropa ýurtlarynyň birenteginde saklanyp 
galypdyr. Latyn diliniň bu ähmiýeti Orta asyrlarda we 
Gaýtadan döreýiş döwrüniň bütin dowamynda saklanyp 
galypdyr. Latyn elipbiýiniň esasynda Ýewropanyň 
birtopar halklarynyň ýazuwy döredilipdir. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrylmak 
bilen flektiw dillere degişlidir. Grammatik many 
aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlemde 
sözleriň ýerleşiş tertibi erkin ýagdaýda. Sözlük düzüminde 


82 
grek we etruss dilleriniň sözleri bar. Beýleki dillerden 
alnan sözleriň mukdary az. Latyn dili öli dillere degişlidir. 
Latyş dili- hindiýewropa dillerine degişlidir. 
Baltika toparyna girýär. Latwýanyň döwlet dilidir. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 1,4 mln adam töweregidir. 
Ortalatyş, liwon, ýokarkylatyş (latgal) şiweleri bar. 
Beýleki şiwelere garanyňda ýokarkylatyş şiwesi edebi 
dilden güýçli tapawutlanýar, käbir alymlar ony aýratyn dil 
hasaplaýarlar. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. Bu dilde ilkinji kitap 1585-nji ýylda çapdan 
çykýar. 
Lepontiý dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir, kelt 
toparynyň gall toparçasyna girýär. Demirgazyk Italiaýada 
(Lugano etraby) b.e.öň VI asyrda hasaba alnan. B.e 
başynda latyn dili ony gysyp çykarýar. Teňňelerdäki, 
küýzelerdäki, mazar daşlaryndaky kyrkdan gowurak 
ýazgylary saklanyp galypdyr. Diliň grammatik gurluşy 
flektiw, grammatik many aňladyşyň sintetik usullary 
agdyklyk edýär. Sözlemde sözleriň ýerleşiş tertibi erkin 
ýagdaýda. Şiweleri hakynda maglumat ýok. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling