Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet48/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Krym-tatar dili-türki dillerine degişlidir. Krymda, 
Orta 
Aziýa 
döwletleriniň 
käbirinde, 
Türkiýäniň, 
Russiýanyň, Rumynyýanyň käbir etraplarynda ýaýrandyr. 
Bu dilde 700 müň töweregi adam gepleýär diýip 
hasaplanylýar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy 
1929-njy ýyla çenli arap, 1929-njy ýyldan latyn, 1938-nji 
ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. 
Kusaiýe 
dili-awstroneziýa 
dilleriniň 
biridir.Mikroneziýa 
toparyna 
girýär. 
Mikroneziýa 
Federatiw ştatlarynda, Kusaiýe ştatynda ýaýrandyr. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 5 müň adam töweregidir. 
Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 

 
Laz dili-kartwel dillerine degişlidir. Türkiýäniň 
demirgazyk 
gündogarynda, 
Günbatar 
Gruziýada 
ýaýrandyr. Bu dili 50 müň töweregi adam ulanýar diýlip 
hasaplanylýar.Grammatik 
many 
aňladyşyň 
sintetik 
usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. 
 
Lak dili- nah-dagystan dilleriniň biridir. Lak-dargin 
toparyna girýär. Esasan, dagystanyň daglyk etraplarynda 
ýaýrandyr. Lak dilinde gepleýän adamyň sany 100 müň 
töweregidir. Şiwelere bölünişi örän ýokary ederjede. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk 


81 
edýär. Ýazuwy 1928-nji ýyla çenli arap, 1929-1938-nji 
ýyllarda latyn, 1938-nji ýyldan başlap rus elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
Laos dili- taý dillerine degişlidir.Laosyň döwlet 
dilidir, Taýlandyň käbir etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 23 mln adamdan hem köpdür. Onlarça 
şiwesi bar. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary 
agdyklyk 
edýär. 
Sözleriň 
leksiki 
manylaryny 
tapawutlandyrýan owaz äheňlerinin sany şiwelerinde 5-
den 7-ä çenlidir. Ýazuwy bogun ýazuwy görnüşindedir.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling