Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Kariý dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Het- luwiý toparyna girýär. B.e.ö VII-III asyrlarda Kiçi Aziýanyň günorta-günbatarynda ýaýrapdyr. Kariý elipbiýinde ýazylan 200 töwregi ýadygärlik (ýazgy) saklanyp galypdyr. Grammatik gurluşy-flektiw, Grammatik many aňladyşyň sintetik sintetik usullary agdyklyk edipdir. Katalan dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Roman toparyna girýär. Ispaniýanyň Kataloniýa awtonom ülkesinde, Andorra knýazlygynyň çäklerinde ýaýrandyr. Ol ispan, fransuz dilleri bilen bilelikde üç döwlet diliniň biridir. Bu dilde gepleýänleriň sany 7,8 mln adam hasaplanylýar.Gündogar we günbatar şiweleri bar. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Kaiti dili-hindi-ýeweropa dilleriniň biridir. Dard toparynyň günbatar (nurystan) toparçasyna girýär. Owganystanyň Nurystan welaýatynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 30-40 müň adam diýlip çaklanylýar. Nurystanyň beýleki milli toparlaryndan birnäçe müň adam ony ikinji ene dili hökmünde kabul edýär. Mundan başga- da kaiti dilinde gepleýänleriň köpüsi dariý dilini hem 77 bilýärler. Edebi dil görnüşinde ýüze çykmaýar. Soňky döwürlerde arap elipbiýiniň esasynda ýazuw döretmäge synanşyklar edilýär. Kaffa dili-afraziýa dillerine degişlidir. Omot toparyna girýär. Efiopiýanyň günorta-günbataryndaky Kefa ülkesinde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 380 müň adam töweregidir diýlip çak edilýär. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. Diliň ýazuwy ýok. Kaşub dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Slawýan toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Polşada Gadansk şäherine degişli etraplarda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 180 müň adam hasaplanylýar. Grammatik gurluşy flektiw, Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär.Özüne has ýakyn bolan polýak dilinden ilkinji nobatda sözlük düzümi hem-de fonetikasy bilen tapawutlanýar. Günbatar slawýan dilleriniň arasaynda diňe kaşub dili hereket edýän basymy özünde saklaýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling