Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet42/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Ido dili-emeli dilleriň biridir. Gelip çykyşy 
boýunça esperanto diliniň gaýtadan işlenilip, üýtgeşmeler 
girizlmeginden alynýar. Bu dil 1907-nji ýylda döredilipdir, 
ýöne, giňden ýaýramandyr. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr.
 
Ižor dili-ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň 
pribaltika-fin toparçasyna degişlidir. Leningrad oblastynyň 
Lomonosow 
we Kingiseppsk etraplarynyň käbir 
obalarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 200 
adamdan gowrak hasaplanylýar. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar 


73 
agdyklyk edýär. Ýazuwy 1930-njy ýyldan başlap latyn 
elipbiýiniň esasynda (mekdep okuw kitaplary çap edilen).
 
Inguş dili-nah dilleriniň biridir. Bu dil Inguşetiýada 
we onuň Orsyýet bilen serhetleşýän etraplarynda 
ýaýrandyr. Inguş dilinde gepleýänleriň sany 180 müň 
adamdan 
gowrak diýlip hasaplanylýar. Şiwelere 
bölünmeýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy 
1923-nji ýyla çenli arap elipbiýiniň, soňra latyn, 1938-nji 
ýyldan rus elipbiýiniň esasynda alnyp barylýar. 
 
Indoneziýa dili-awstroneziýa dilleriniň biridir. 
Indoneziýa toparyna girýär. Indoneziýa respublikasynyň 
döwlet dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 150 mln adam 
töweregi diýlip çak edilýär. Şiwelere bölünmeýär. 
Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk 
edýär.Ýawan, niderlend, iňlis we arap dillerinden alnan 
sözler köp.Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr.
Iňlis dili-Günbatar german dilleriniň biridir. Beýik 
Britaniýada, 
Irlandiýada, 
ABŞ-da, 
Kanadada, 
Awstraliýada, Täze Zelandiýada, şeýle-de Aziýanyň, 
Afrikanyň birtopar ýurtlarynda ýaýrandyr. Birleşen 
Milletler 
Guramasynyň 
resmi 
dilleriniň 
biridir. 
Gepleýänleriň umumy sany 400 mln adamdan hem köp 
hasaplanylýar.Köpsanly şiweleri bar. Grammatik many 
aňlatmakda analitik görnüş agdyklyk edýär. Sözlük d 
düzüminde alynma sözler örän köp. Latyn elipbiýiniň 
esasyndaky ýazuw VII asyrdan bäri dowam edýär. Dürs 
ýazuw kadalarynda milli ýazuw däpleri uly ähmiýete 
eýedir

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling