Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet50/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Li dili- taý dillerine degişlidir. Haýnan (Hytaý) 
adasynyň günorta etraplaryna ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 360 müň adam töweregidir. Grammatik 
many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Soňky 
ýyllara çenli ýazuwy ýokdy. Häzirki wagtda latyn 
elipbiýiniň esasyndaky ýazuwy döredildi.
 
Liw dili-ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň 
pribaltika-fin toparçasyna girýär. Litwanyň Latwiýanyň 
Talsin we Wenspil etraplarynda ýaýrandyr. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 


83 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasynda bolupdyr, häzirki wagtda ulanylmaýar. 
Lidiý dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Het-
luwiý toparyna girýär. Kiçi Aziýada b.e.öňki VII-V 
müňýyllykda ýaýrapdyr, Grammatik many aňladyşyň 
sintetik usullary agdyklyk edipdir, dil flektiw dillere 
degişlidir. Häzirki dower gelip ýeten tekstleri lidiý 
elipbiýinde ýazylypdyr. 
 
Litwa dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Baltika 
toparyna girýär. Litwanyň döwlet dilidir. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 3 mln adamdan köpüräk hasaplanylýar. 
Žemaýt we aukşaýt şiweleri bar. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrmak bilen 
bilelikde flektiw dillere degişlidir. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasynda bolup, bu dildäki ilkinji kitap 1547-
nji ýylda çap edilýär. 
 
Lifu dili-awstroneziýa dilleriniň biridir.Melaneziýa 
toparyna girýär. Luaýote arhipelagyna girýän Lifu 
adasynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 15 müň 
adam töweregidir. Losi we wete şiweleri bar. Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Luwiý dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Het-
luwiý toparyna girýär.B.e.Öň II müňýyllykda Anatoliýada 
ýaýrapdyr. Grammatik gurluşy flektiw, grammatik many 
aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edipdir. Häzirki 
dower çenli gelip ýeten tekstleri toýun plitalaryň ýüzüne 
ieroglif we pahna-bogun hat görnüşleri bilen ýazylypdyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling