92
analitik usullar agdyklyk edýär, grammatikasynda kök
bilen baglanşykly aýratynlyklar uly.Ýazuwy latyn
elipbiýiniň esasynda.
Nepali dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir.
Hindi
toparyna girýär. Nepal Korollygynyň döwlet dilidir. Nepal
dilinde gepleýänleriň sany 9 mln adamdan hem köp.
Merkezi, gündogar,günbatar,dag etegi diýlip atlandyrylýan
şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir.
Grammatik
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär.
Dewenagari (hindi elipbiýleriniň içinde iň giňden ýaýrany)
ýazuwy ulanylýar.
Niwh dili-Amur derýasynyň aşaky akymlarynda we
Sahaliniň demirgazygynda ýaşaýan ýerli ilatyň dili,
gelip
çykyşy belli edilmedik. Niwh dilinde 1300 töweregi adam
gepleýär diýlip hasaplanylýar. Demirgazyk sahalin,
gündogar sahalin, amur şiweleri bar. Grammatik gurluşy
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan
dillere
degişlidir. Grammatik many aňlatmakda
sintetik usullar
agdyklyk edýär. 1932-nji ýylda latyn elipbiýiniň esasynda
ýazuwy döredilýär, 1953-nji ýylda rus elipbiýine geçilýär.
Niderland dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir.
German
toparynyň
günbatar
toparçasyna
girýär.
Niderlandlaryň we Belgiýanyň (fransuz
dili bilen
bilelikde) döwlet dilidir. Niderland dilinde gepleýänleriň
sany 20 mln adam. Şiwelere bölünişi ýokary. Grammatik
gurluşynda analitik we sintetik şäkler utgaşýar.Ýazuwy
latyn elipbiýiniň esasynda.Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri
XIII asyra degişli hasaplanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: