89
birinden örän tapawutlanýarlar. Dilçi alymlaryň köpüsi bu
görnüşleri aýratyn diller hasap edýärler.
Grammatik
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda
sintetik
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasynda.
Ilkinji ýazuw ýadygärliklerini XVIII asyryň ahyryna
degişli hasaplaýarlar.
Myong
dili-
awstroaziýa
dillerine
degişlidir.Wetnam
toparyna
girýär.
Wetnamyň
demirgazygynda ýaýrandyr. Myong dilinde gepleýänleriň
sany 680 müň adam töweregidir.Demirgazyk, merkezi,
günorta diýlip atlandyrylýan üç sany şiwesi bar.
Grammatiki gurluşy kök bilen baglydyr. Grammatik many
aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok.
Myong dilini bilýänleriň köpüsi iki dillilige eýedir, olar
wetnam dilini hem bilýärler.
Men dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir.Kelt
toparynyň gel toparçasyna girýär. Irland deňziniň Men
adasynda ýaýrapdyr. XX asyryň ikinji ýarymynda
ulanylyşdangalypdyr.Grammatik many aňladyşyň
analitik
usullary agdyklyk edipdir. Ýazywy latyn elipbiýiniň
esasynda bolupdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: