Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet63/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Pars dili- hindi-ýewropa dilleriniň eýran toparyna 
girýär. Eýran yslam respublikasynyň döwlet dilidir. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 23 mln-dan hem köpdür. Täjik 
we dari dillerine has ýakyndyr. Grammatik many 
aňladyşda analitik usullara eýedir. Ýazuwy arap 
elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Polab dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. 
Slawýan toparynyň günbatar toparçasyna degişlidir. Oder 
we Elba derýalarynyň arasyndaky çäklerde ýaýrapdyr. 
XVIII asyryň ahyrynda ulanylyşdan galypdyr.Walet, 
obodrit, drewlýan şiwe toparlary bolupdyr.. Grammatik 


98 
gurluşy flektiw, Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar ulanylypdyr. Ýazuwy ýok. Polab dilindäki halk 
döredijilik eserleri nemesler tarapyndan ýygnalyp, latyn 
elipbiýinmde ýazylypdyr.
 
Polýak dili- hindi-ýewropa dillerine degişlidir. 
Slawýan toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Polşanyň 
döwlet dilidir. Polýak dilinde gepleýänleriň sany 42 mln 
adam töweregidir. Beýik polýak, kiçi polýak, mazowes, 
silez ýaly esasy şiweleri bar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Ponape dili- awstroneziýa dilleriniň mikroneziýa 
toparyna degişlidir. Mikroneziýanyň demirgazyk-günorta 
böleginde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 26 müň 
adamdak köpüräk. Grammatik gurluşy goşulma arkaly 
söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasynda. 
 
Portugal dili- hindi-ýewropa dilleriniň roman 
toparyna girýär. Portugaliýanyň, Braziliýanyň, Afrika 
döwletleriniň käbiriniň döwlet dilidir. Portugal dilinde 150 
mln-dan köpüräk adam gepleýär. Grammatik many 
aňlatmakda analitik usullara eýedir. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling