Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet71/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Ş 
 
 
 
Şan dili- taý dilleriniň biridir. Birmanyň 
demirgazyk-gündogarynda 
Şan 
daglyk 
ülkesinde 
ýaýrandyr. Şanlaryň bir topary Hytaýda, Taýlandda, 
Laosda ýaşaýar. Bu dilde gepleýänleriň sany 3 mln adam 
töweregidir. Taý-long, taý-le, taý-mau şiweleri bar. 
Şiweleriň arasyndaky tapawut esasan sözlük düzümde 
hem-de fonetikada ýüze çykýar. Hindi ýazuw ulgamynyň 
esasynda döredilen bogun ýazuwy peýdalanylýar. 
 
Şauýa dili- afraziýa dilleriniň berber-liwiý toparyna 
degişlidir. Alžiriň demirgazygynda ýaýrandyr. Bu dilde 
1mln töweregi adam gepleýär. Grammatik many 
aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Ýazuwy ýok. 
 
Şwed dili- hindi-ýewropa dilleriniň german 
toparynyň demirgazyk (skandinaw) toparçasyna degişlidir. 
Şwesiýada we Finlandiýa degişli bolan Aland adalarynda 
ýaýrandyr. Bu dilde 10 mln köpüräk adam gepleýär. Şweý, 
ýet, norland, günorta şwed, guntiý, gündogar şwed 
şiweleri bar. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullara eýedir. Şwed dilinde artikliň ulanylmagy onuň 
aýratyn taraplarynyň biridir. Sözlemde sözler belli bir 
tertip boýunça ýerleşýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
Gadymy 
döwürlerde 
runy 
elipbiýi 
peýdalanylypdyr.
 
Şilluk dili- şari-nil dilleriniň nilot toparyna 
degişlidir. Sudanyň gündogar etraplarynda ýaýrandyr. Bu 


108 
dilde 370 müň töweregi adam gepleýär. Şiwelere bölünişi 
göze ilmeýär. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullara 
eýedir. 
Birlik 
we 
köplük 
sanlary 
tapawutlandyrmakda owaz äheňi ulanylýar. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling